Ýewropa Bileleşigi emeli aň tehnologiýaly programmalar hem-de harytlar üçin täze kadalaşdyryjy kanunlary taýýarlaýar. Täze düzgüne görä, şeýle önümleri öndürýän kompaniýalaryň jogapkärçilikleri kesgitlener. Ýewropa Bileleşiginiň komissiýasy ýokary tehnologiýa talap edýän uçýan howa ulaglary we öý hojalygynda ulanylýan “akylly” enjamlar ýaly önümler üçin täze ülňüleri kesgitlär. Şeýlelikde, önüm öndürijiler öndüren harydy sebäpli haýsydyr bir ýitgi çeken müşderisine öwez tölegini tölemeli bolar. Robotlar, dronlar ýa-da beýleki “akylly” enjamlar bu düzgünnamanyň çägine girer. Import edilen önümlerden bolsa, şol önümiň sebitdäki importçysy ýa-da wekilçilikli şahamçasy jogapkär bolar.
Täze düzgüniň güýje girmegi üçin Ýewropa Parlamentiniň hem-de agza ýurtlaryň razylygy gerek.
Ýewropa Bileleşigi önüm öndürijileriň harytlary üçin jogapkärçiligi baradaky düzgünleri 40 ýyl ozal taýýarlapdy. Bu düzgünler täze tehnologiýalaryň käbir ugurlaryny öz içine almaýardy.