27-nji sentýabrda ähli türkmenistanlylar bir supra jem bolup, umumymilli ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny belledi.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuň manyly goşgy setirlerinde waspy ýetirilen türkmen halkynyň garaşsyz döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl boldy. Watanymyzyň iň täze taryhy hut şu ykbal çözüji pursatdan gözbaş alýar. Bu gün Türkmenistanyň dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň biri hökmünde berkarar bolmagy, daşary ýurtlar, iri halkara we abraýly sebit guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýady döredendigini ynamly aýtmak bolar. Halkara bileleşik tarapyndan bildirilen uly ynam we hormat-sarpa ýurdumyzyň oňyn başlangyçlarynyň giňden goldanylmagyny şertlendirdi. Şol başlangyçlar häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge, parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge, ulag ulgamynda, ekologiýada, daşky gurşawy goramakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Taryh üçin gysga döwrüň içinde Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik gurluşy ulgamy ep-esli kämilleşdirildi, iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi, agzybir türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda parahat we asuda ýaşamagy, tutanýerli zähmetiniň hözirini görmegi üçin ähli şertler döredilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygara laýyklykda, soňky ýyllarda dürli maksatly, ilkinji nobatda, durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysy gurlup ulanmaga berildi.
Ýurdumyzda döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy, däp bolşy ýaly, ajaýyp üstünlikler we zähmet ýeňişleri bilen bellendi. Şol üstünliklerdir ýeňişleriň her biri häzirki Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy şu ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Saýlawlar giň bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçdi. Ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmegi türkmenistanlylaryň erk-islegini erkin beýan etmeginiň kepili boldy. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegine täze itergi berdi.
«Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz golaýda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda aýtdy we döwlet syýasatynyň geljekki esasy ugurlaryny kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk baýramy mähriban halkymyzyň durmuşynda diňe möhüm sene bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geçen ýolumyza baha bermek, gazanan üstünliklerimiziň ähmiýetine düşünmek we öňde duran wezipeleri kesgitlemek üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir.
Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň alyp baran çuňňur oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ynamly we depginli ösüşini, maliýe-durmuş taýdan durnuklylygyny üpjün etdi. Ösüşiň senagat-innowasion ýoluny dowam etdirmäge, tebigy, mineral-çig mal we adam mümkinçiliklerimizi peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berdi.
Ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna eziz Watanymyzyň ähli künjeginde köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlaryň guralandygyny bellemek gerek. Şolarda täze taryhy eýýamyň döredijilik güýji öz beýanyny tapýar.
Şanly baýrama bagyşlanan konsert
26-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň hem-de Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, ýurdumyzdaky daşary ýurtly ilçiler, Russiýanyň «Ural» tans topary, ýerli we daşary ýurtly habarçylar gatnaşdylar. Konsertiň öň ýanynda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň giň meýdanynda baýramçylyk çykyşlary guraldy. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, dürli teatrlaşdyrylan sahnalar, türkmeniň milli oýunlary görkezildi. Bu ýerde türkmeniň ak öýi, hiňňildikler gurnalyp, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen miwedir gök önümleriň sergisi, alabaý itleri, ahalteke bedewidir düýeler myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Soňra «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Konsertde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk döwründe gazanan üstünliklerini wasp edýän birnäçe aýdymdyr sazlar ýaňlandy.
Dabaraly ýöriş geçirildi
27-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Döwlet münberi toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Münberde Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar.
Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň ýörişe doly taýýardygy hakyndaky hasabatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow harby ýörişe başlamaga rugsat berdi. Däp bolşy ýaly, ýörişiň dowamynda ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny üpjün etmäge niýetlenen häzirki zaman ýerüsti, howa uçar tehnikalary we ýaraglar görkezildi. Harby düzümleriň esgerleri bolsa öz ukyp-başarnyklaryny, nyzam emellerini ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyny görkezdiler.
Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatynyň harby gözden geçirilişinden soňra, meýdançada ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini açyp görkezýän awtoulaglaryň toparlary peýda boldy. Münberden ýaňlanan waspnamalar ajaýyp öwüşginli dabaraly ýöriş bilen utgaşdy. Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky toý dabaralary watançylyk mazmunly aýdym-sazly tans çykyşy bilen tamamlandy.
Mahlasy halkymyzyň garaşsyz döwlet barada köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwynyň hasyl bolanyna 31 ýyl dolmagy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň çar künjeginde baýramçylyk dabaralary, bäsleşikler guraldy, köp sanly durmuş maksatly binalaryň, önümçilik desgalarynyň açylyş dabaralary geçirildi.
Garaşsyzlyk – belent ykbal! Türkmenistan, türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyzlyk toýuny toýlady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri tutumly toýlara beslensin!