28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşdy.
Ýurdumyzyň baş baýramyna gabatlanyp her ýyl geçirilýän at çapyşyklary türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan däplerine ygrarlydygyny, döwürleriň we nesilleriň dowamat-dowamlylygyny özünde jemläp, baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýýar.
Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşen hem-de baýramçylyk çapyşyklarynyň geçirilýän ýerine öwrülen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyny ir säherden uludan tutulýan türkmen toýunyň şowhuny gurşap aldy.
Hemmeler ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimizi mübärekleýärler. Döwlet Baştutanymyz ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlere gadyr goýýan ussat çapyksuwar bolmak bilen, asylly maşgala däplerini dowam etdirip, milli seýisçilik sungatynyň ösdürilmegine, onuň dünýädäki abraýynyň belende galmagyna, atçylyk sportunyň höweslendirilmegine hem-de giňden wagyz edilmegine uly üns berýär. Dutarda saz çalmak we aýdym aýtmak ussatlygyny görkezen bagşy-sazandalaryň toparynyň çykyşy baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Şanly sene mynasybetli toplumyň çäginde halk döredijiliginde gözelligiň, wepalylygyň, dostlugyň, asyllylygyň, edermenligiň, Watana bolan söýginiň nyşany bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy.
Behişdi bedewleriň keşplerine gadymy rowaýatlarda, dessanlarda, şeýle hem türkmen bedewlerine haýran galan daşary ýurtly awtorlaryň taryhy maglumatlarynda duş gelmek bolýar. Geçmişde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da ganatly bedewler tükeniksiz döredijilik ylhamynyň gözbaşy bolup, ol sungatyň ähli görnüşlerinde öz beýanyny tapýar. Behişdi bedewleriň çeperçilik keşplerinde çuňňur many-mazmun bar. Häzirki döwrüň ussatlary öz eserlerinde ýokary baha mynasyp bolan ahalteke bedewlerini wasp edýärler.
Ýol ugruna hormatly Prezidentimiz muzeý gymmatlyklary görkezilýän giň gerimli sergini synlady. Bu ýerde paýtagtymyz we ýurdumyzyň bäş welaýaty öz gymmatlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Baýramçylyk sergisi milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň görnüşleri, özboluşly halk senetçiligi, aýawly saklanylýan hem-de nesilden-nesle geçirilip gelinýän däp-dessurlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Baýramçylyga ýurdumyzyň sungat ussatlary hem öz döredijilik sowgatlary bilen gelipdirler.
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň esasy münber binasynda özi üçin niýetlenen ýere barýar.
Soňra baýramçylyk çapyşyklaryna badalga berilýär. Yzygiderli esasda geçirilýän şeýle ýaryşlar sportuň bu görnüşiniň abraýynyň artmagyna hem-de oňa ýaşlary çekmäge ýardam berýär. Baýramçylyk güni ahalteke bedewleri 7 çapyşykda dürli aralyklarda öz okgunlylygyny, ýyndamlygyny görkezdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşikler tomaşaçylaryň ünsüni çekdi.
Ýeri gelende aýtsak, at çapyşyklary çapyksuwarlar üçin özboluşly synagdyr. Sebäbi atçylyk sporty çapyksuwardan diňe bir degişli taýýarlygy däl, eýsem, onuň bedewlere bolan yhlasyny, olara düşünmek başarnygyny hem talap edýär. Şunda bedewlere dogry tälim bermek möhüm şert bolup durýar. Ahalteke bedewleri buýsançly gylygy hem-de hyjuwlylygy bilen tapawutlanýar, şol bir wagtyň özünde çapyksuwar babatda ösen duýgurlygyny görkezýär. Çapyksuwaryňdyr bedewiň arasyndaky özara düşünişmek we ynam bedewlere tälim bermegiň milli ýörelgesiniň aýratynlygydyr. Türkmen seýisleri bu ugurda ýokary ussatlyk görkezýärler. Yzygiderli, tutanýerli türgenleşikler bilen bir hatarda, sportuň bu görnüşinde üstünlik gazanmak üçin köp babatda çapyksuwaryň we bedewiň sazlaşygy zerurdyr.
Ahalteke bedewleriniň ýeňil, sazlaşykly aýak urşy olary asmanda uçup barýan ýaly görkezýär. 1600 metr aralyga ilkinji üç çapyşykda üçýaşar bedewler ýaryşdylar. Geçirilen ilkinji çapyşykda 1 minut 48,2 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Döwran atly dor at görkezdi. Onuň çapyksuwary O.Amangeldiýew.
Ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup 1 minut 50,5 sekunt netije bilen Milli howpsuzlyk ministrliginiň Bäsleşik atly dor aty geldi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabow.
Üçünji çapyşykda 1 minut 49,4 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Günaý atly dor gysrak görkezdi. Onuň çapyksuwary M.Kiçigulow.
Galan çapyşyklarda dörtýaşar we ondan uly bedewler ýaryşdylar. 1800 metr aralyga dördünji çapyşykda pellehana ilkinji bolup «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Ýantar atly dor aty geldi. Ol 2 minut 05,8 sekunt netije görkezdi. Onuň çapyksuwary D.Berdimämmedow. Şolar ýaly aralyga geçirilen bäşinji çapyşykda 2 minut 02,0 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Nowruz atly dor at geldi. Onuň çapyksuwary G.Begliýew. 2200 metr aralyga altynjy çapyşykda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Ýagmyr atly dor aty 2 minut 36,20 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Begliýew.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda 2200 metr aralykdaky jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehana ilkinji bolup geldi. Ol 2 minut 31,3 sekunt netije görkezdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.
Soňra ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 1–6-njy çapyşyklaryň ýeňijilerine 100 müň manat möçberinde pul baýragy gowşuryldy. Ýedinji çapyşykda ýeňiji bolan çapyksuwara hormatly Prezidentimiziň baýragy – 300 müň manat möçberinde pul baýragy gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda atçylyk sportuny höweslendirmek we ösdürmek, seýisleri taýýarlamak, olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmak ugrunda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, at çapmagyň şöhratly däplerini aýawly saklamak we dowam etdirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.