Dünýä ýurtlarynda her ýylyň 4-nji oktýabrynda bütindünýä haýwanlar güni bellenilýär. Bu möhüm sene öz gözbaşyny 1931-nji Italiýanyň Florensiýa şäherinde geçirilen Tebigaty goramak hereketini goldaýanlaryň halkara kongresinden alýar. Bu kongresde kabul edilen bu çözgüt planetamyzyň ýaşaýjylaryny ýene bir meselä çekdi. Ýagny daşky gurşawyň aýrylmaz bölegi bolan fauna dünýäsi we onuň köpdürliligini gorap saklamak möhüm wezipedir. Ýörite haýwanlary goramak jemgyýetleri her ýyl bu güne bagyşlanan dürli köpçülikleýin çäreleri guraýarlar. Bütindünýä ýabany haýwanlar tebigat gaznasynyň hasabatyna görä, ýer ýüzünde haýwanlaryň görnüşleri azalýar. Şeýle-de köpdürli görnüşlere hem ýyl-ýyldan ýok bolmak howpy abanýar. Maglumatlara görä, 1970-2017-nji ýyllar aralygynda süýdemdirijileriň, guşlaryň, balyklaryň sany 68% çenli azalypdyr. Şol nukdaýnazardan bu sene haýwanat dünýäsini goramak boýunça işjeňligi ýokarlandyrmagyň zerurlygy barada dünýä jemgyýetçiligini habardar etmek maksady bilen kesgitlendi. Bu diňe bir ýabany haýwanlary däl-de, öý haýwanlaryny hem goramaga degişlidir. Häzirki wagtda dünýäde ýitip gitmek howpy abanýan san taýdan azalan görnüşleri we olaryň ýaşaýan ýerlerini goramak babatda möhüm strategik işler alnyp barylmak bilen, daşky gurşawy goramaklygyň kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär.

Bägül Arykowa,Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby