Täze möwsüme juda şowsuz başlan 2 klub – Italiýanyň “Sampdoriýa” hem-de Ispaniýanyň “Sewilýa” klublary tälimçilerini çalyşdylar.
Çempionlar Ligasynda öz meýdançasynda “Borussiýa Dortmunddan” 4-1 asgyn gelen “Sewilýa” topary tälimçisi Hulen Lopetegi wezipesinden ugratdy. Topar onuň ornuna ozal hem klubda işläp giden argentinaly Horge Sampaolini wezipä belledi. Ispan kluby 62 ýaşyndaky tälimçi bilen 2024-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama gol çekişdi. Geçen möwsüm “Marselde” işlän Sampaoli 2016-2017-nji ýyllarda “Sewilýa” tälim beripdi. Şol döwürde “Sewilýa” 53 oýunda 27 ýeňiş gazanyp, 14 duşuşykda utulypdy. Sampaoli Argentinanyň ýygyndysynyň tälimçiligine belleneni üçin “Sewilýadaky” wezipesinden gitmeli bolupdy. Sampaoli öz yklymynda birnäçe kluba, şol sanda Çilidir Argentinanyň ýygyndylaryna tälim beripdi. Sampaoli Çili bilen Kopa Amerikanyň hem çempionlygyny gazanypdy.
*******************************************************
“Sampdoriýa” topary soňky tapgyrdaky ýeňlişden soň Marko Jampaolony wezipesinden boşadypdy. Topar onuň ornuna serbiýaly Deýan Stankowiçi wezipä belledi. 44 ýaşyndaky hünärmen genueliler bilen 2023-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. “Interiň” ozalky futbolçysy “Srwena Zwezda” toparyna tälim beripdi. Ol bu klubda 2019-njy ýylyň dekabrynda işe başlap, şu ýylyň awgustyna çenli bu klubda işläpdi. “Sampdoriýa” topary 8 tapgyrdan soň 2 utuk bilen 20-nji orunda barýar.