Angliýanyň “Premier Ligasynyň” kluby “Braýton end How Albion” toparynyň zambiýaly ýarymgoragçysy Enok Mwepu 24 ýaşynda karýerasyny tamamlandygyny habar berdi. Ýüregagyry sebäpli karýerasyna soňky nokady goýandygyny aýdan Mwepu bu barada: “Futboldaky iň uly maksadyma ýetdi. Premier Ligada çykyş edenime şükür edýärin. Ýöne gynansagam käbir arzuwlar tiz tamamlanýar. Saglyk ýagdaýym sebäpli hem-de lukmanlaryň maslahaty boýunça futboly taşlamaly bolýaryn. Elbetde futbolda çürt-kesik üzňe galmaryn. Hemişe futbolyň içinde bolaryn. Şeýle mümkinçilikler üçin hem-de maňa goldaw beren hemmä köp sagbolsun aýdýaryn. Maşgalama, ýanýoldaşyma, menejerime, tälimçime, Braýton end How Albion toparyna, hemmelere çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin” diýdi.  

Toparyň resmi internet saýtynda-da bu barada: “Enokyň hroniki ýüregagyrysynyň bolmagy onuň bäsleşigi ýokary bolan futbol oýnamagyna päsgel berýär. Onuň saglygy üçin howply ýagdaýlar bolup biler. Şol sebäpli-de Enok karýerasyny tamamlaýar. Topar hökmünde onuň gowulaşmagy üçin ähli goldawlarymyzy, ýardamlarymyzy gaýgyrmarys” diýlip, habar berildi. Tälimçi Roberto De Zerbi hem öz gynanjyny beýan edip: “Enok üçin gynanýaryn. Bilelikde uzak möhlet işleşmekçidik. Oňa gerek bolan ähli kömegi etjekdigimizi aýdaýyn” diýip, beýanat berdi.

“Braýton” topary Enok Mwepuny 2021-nji ýylda “Red Bull Salsburgdan” 23 million ýewro transfer edipdi. Ol şondan iňlis kluby bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşypdy. Enok Mwepu “Red Bull Salsburgda” 4 möwsümde 119 oýunda 18 gol geçiripdi. “Braýtonda-da” 27 oýunda 3 gezek tapawutlanan Enok Mwepu Zambiýanyň ýygyndysynda 23 duşuşykda meýdança çykdy (6 gol).