11-12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepow howanyň üýtgemegi we howpsuzlyk boýunça 4-nji Berlin maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatyň işine daşary işler ministrleri, dürli ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň döwlet sekretarlary, halkara we sebitleýin guramalarynyň wekilleri, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, şeýle hem daşky gurşawy goramak, suw gorlary we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça bilermenler gatnaşdylar.

Bu forum «Klimat-çaknyşyk-krizisleriň çaknyşygy: töwekgelçilikleriýeňip geçmek» şygary astynda geçirildi. Çäräniň dowamynda howanyň üýtgemeginiň global parahatçylyga we durnukly ösüşe ýetirýän täsiri, ählumumy syýasy, harby we epidemiologik meseleleri bilen gatnaşygyny, şeýle hem arassa energiýa geçmek, azyk howpsuzlygy we suw gorlaryny tygşytly ulanmak bilen baglanyşykly kynçylyklary we töwekgelçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, «Sebitleýin durnuklylyk: Günorta-Gündogar Ýewropada, Günorta Kawkazda we Merkezi Aziýada howanyň üýtgemeginiň howpsuzlygy boýunça hereketleriň mysallary» we «Ýaşyl Merkezi Aziýa ugrunda: howanyň üýtgemegi ugrundaky öňüni alyş we durnukly daşary syýasat» atly mowzuklaýyn sessiýalaryň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasynda geljekde täze taslamalary amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.