15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna ilkinji döwlet sapary tamamlanyp, onuň netijesi boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Şolaryň birine görä, iki ýurduň arasyndaky uçar gatnawlaryny täzeden dikeltmek hem göz öňünde tutulýar.

Astanadaky “Akorda” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň netijesi boýunça metbugat ýygnagynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň hökümetleriniň ýurtlaryň arasyndaky pandemiýa sebäpli çäklendirilen yzygiderli awiagatnawlary mümkin boldugyça gysga wagtda gaýtadan dikeltmek mümkinçiligine garamak barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Şeýle hem Kasym-Žomart Tokaýew işewürlik işine goşmaça itergi bermek üçin iki ýurduň raýatlarynyň iş saparlary üçin ýönekeýleşdirilen wiza düzgünini girizmegi teklip etdi.

Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaý, Kazan, Moskwa, Frankfurt Stambul we Minsk ugurlary boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýar.