Dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da ösen ýer­le­ri­niň bi­ri hem Ita­li­ýa­nyň Rim şä­he­ri­dir. Paý­tagt şä­her sy­ýa­hat et­mä­ge amat­ly, ja­han­keş­de­ler üçin iň go­wy ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Baý me­de­ni­ýe­ti hem-de ta­ry­hy bi­na­la­ry bu şä­he­riň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Ri­miň meş­hur Ko­li­zeý are­na­sy, Pan­te­on bi­nasy, Tre­wi suw çüw­dü­ri­mi sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň köp bar­ýan ýer­le­ri­dir. Myh­man­lar me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler­den baş­ga-da, gow­ru­lan ar­ti­kok­lar­dan, meş­hur ital­ýan ta­gam­la­ry piz­za­dyr spa­get­ti­den uly lez­zet al­ýar­lar. Şä­he­riň kö­çe­le­rin­de myh­man­lar üçin ni­ýet­le­nen açyk na­har­ha­na­la­ryň, ka­fe­te­riý­le­riň, «ge­la­to» doň­dur­ma­sy sa­tyl­ýan dü­kan­la­ryň bir­nä­çe­si bar.
«Pi­az­za Navona» suw­ly meý­dan­ça­sy hem ja­han­keş­de­ler­de ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir gal­dyr­ýar. «Borg­he­se» mu­ze­ýi Ri­miň çe­per eser­le­ri hem-de ga­dy­my me­de­ni­ýe­ti bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýo­lag­çy gat­na­wyn­da Ri­miň Leo­nar­do da Win­çi hal­ka­ra ho­wa men­zi­li, Ter­mi­ni de­mir ýol men­zi­li hem-de şä­he­ra­ra aw­to­bus­la­ry, met­ro­dyr tram­waý­la­ry we tak­si­le­ri sy­ýa­hat­çy­la­ra ýo­ka­ry de­re­je­de hyz­mat ed­ýär. Rim şä­he­ri­niň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň bir­nä­çe­si
ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­dir. Sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýän ga­dy­my şä­her her ýyl­da mil­li­on­lar­ça ja­han­keş­dä­ni özü­ne çek­ýär.