Russiýa aragatnaşyk tehnologiýasynyň täze neslini öndürmegi meýilleşdirýär. Ýurtda 6G enjam öndürijileriniň bileleşigi peýda bolar. Bileleşigiň düzümine telekom enjamlaryny öndürijiler kompaniýalar bilen birlikde internet tehnologiýasy kompaniýalary girer. Bu bileleşigiň şu ýylyň ahyrynda ýa-da geljek ýylyň başynda döredilmegi meýilleşdirilýär.
Bileleşigi döretmegiň maksady, dünýäde täze standart torlaryň täjirçilik taýdan işe başlamagy bilen 6G enjamyny ösdürmek we önümçilik ekoulgamyny döretmekden ybaratdyr. Moskwada ýerleşýän Skolkowyň ylym we tehnologiýa institutynyň (Skolteh) öňdebaryjy gözleg merkeziniň 5G boýunça başlygy Witaliý Şub birleşigiň döredilmegine ýolbaşçylyk edýär. Häzirki wagtda gatnaşyp biljek taraplar, şol sanda telekommunikasiýa enjamlaryny öndürijiler bilen gepleşikler dowam edÿär.
Şeýle-de bolsa, operatorlar üçin esasy wezipe 6G-ni ösdürmek däl-de, eýýäm bar bolan 4G torlaryny goldamakdan ybarat.
Hünärmenler täze birleşige gatnaşmagyň iru-giç täze enjamlary bar bolan torlara birikdirmeli boljak operatorlar üçin hem möhüm boljakdygyna ynanýarlar.
5G ulgamy üçin infrastruktura döretmezden, 6G ýerleşdirmek mümkin däl. Bäşinji nesil üçin enjamlaryň ilkinji nusgalarynyň şu ýylyň ahyryna çenli peýda bolmagyna garaşylýar.
Şamuhammet Soburow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
PDF









