Öz­be­gis­tan Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň mer­ke­zi we de­mir­ga­zyk-gün­ba­tar bö­le­gin­de ýer­leş­ýän döw­let­dir. Ol gün­do­gar­da Gyr­gy­zys­tan we Tä­ji­gis­tan, gü­nor­ta­da Ow­ga­nys­tan, gü­nor­ta-gün­ba­tar­da Türk­me­nis­tan we de­mir­ga­zyk­da Ga­za­gys­tan bi­len ser­het­leş­ýär. Ýur­duň umu­my tut­ýan meý­da­ny 447,9 müň ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar bolup, onuň 425,4 müň ine­dör­dül ki­lo­met­ri­ni gu­ry­ýer, 22 müň ine­dör­dül ki­lo­met­ri­ni bol­sa suw tut­ýar. Ýur­duň ag­ram­ly bö­le­gi­ni düz­lük­ler (bäş­den dört bö­le­gi­ni) tut­up, ola­ryň iň ulu­sy­ Tu­ran düz­lü­gidir. Ýur­duň gün­do­gar we de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ry­ny Týan-Şan we Pa­mir dag­la­ry­nyň şa­ha­sy tut­ýar. Şol ýer­de-de ýur­duň iň be­ýik dag ger­şi (4643 metr) ýer­leş­ýär. Ýur­duň mer­ke­zin­de bol­sa Gy­zyl­gum çöli ýa­ý­lyp ýa­tyr.
Öz­be­gis­tan ga­zy­lyp alyn­ýan te­bi­gy baý­lyk­la­ra-da baý. Ýurt­da te­bi­gy ga­zyň, daş köm­rü­niň, al­tynyň, wolf­ramyň, ne­bi­tiň we beý­le­ki mag­dan­la­ryň go­ry bar. Ýur­duň çä­gin­den Amy­der­ýa we Syr­der­ýa akyp geç­ýär. Şeý­le hem Öz­be­gis­tan­da bir­nä­çe eme­li köl­ler bar. Ola­ryň bi­ri Çar­da­rin suw how­da­ny­dyr.
Öz­be­gis­tan Pre­zi­dent Res­pub­li­ka­sy­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny Pre­zi­dent bolup, äh­li­halk saý­law­la­ry esa­syn­da saý­lan­ýar. Ila­tyň 80 gö­te­ri­mi­ni öz­bek­ler tut­ýar. Şeý­le hem ýurt­da 100-den gow­rak mil­letiň wekilleri ýa­şa­ýar.
Döw­let di­li – öz­bek di­li. Ýur­duň ila­ty­nyň 74 gö­te­ri­mi öz­bekçe gep­le­ýär. Şä­her­ler­de rus di­li ýaý­ran­dyr, şä­her ila­ty­nyň 14 gö­te­ri­mi rus di­lin­de geple­ýär. Kons­ti­tu­si­ýa la­ýyk­lyk­da, Öz­be­gis­tan dün­ýe­wi döw­let ha­sap­lan­ýar.
Ila­tyň 42 gö­te­ri­mi şä­her­ler­de ýa­şa­ýar. Iň iri şä­he­ri – Daş­kent. Ýur­duň paý­tag­tyn­da 2,3 mil­li­on­dan gow­rak adam ýa­şa­ýar. Daş­kent­de Res­pub­li­ka­nyň se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň ag­ram­ly bö­le­gi ýer­leş­ýär. Şo­nuň üçi­nem şä­her ýur­duň yk­dy­sa­dy, bi­lim we me­de­ni­ýet mer­ke­zi ha­sap­lan­ýar.
Sa­mar­kant ýurt­da ulu­ly­gy bo­ýun­ça ikin­ji şä­her bolup, taryhy ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­len meş­hur­dyr. Fer­ga­na jül­ge­sin­de hem bir­nä­çe uly şä­her­le­ri bar: Na­man­gan, An­di­jan, Fer­ga­na, Ko­kand. Ýur­duň iri şä­her­le­ri­niň ara­syn­da Bu­ha­ra­ny hem ag­za­man geç­mek bol­maz. Bu ga­dy­my şä­her uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da öz­bek hal­ky­nyň iri sy­ýa­sy we me­de­ni­ýet şä­he­ri bol­ýar. Hy­wa hem ga­dy­my şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lup, XVI-XVIII asyr­lar­da gül­läp ös­ýär. Nö­küs şä­he­ri Ga­ra­gal­pagystan Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty­dyr.
Öz­be­gis­tan senagat-ag­rar ýurt ha­sap­lan­ýar. Ýur­duň halk ho­ja­ly­gy­nyň esa­sy pu­dak­la­ry – dag mag­da­ny, ýe­ňil we azyk se­na­ga­ty hem-de ma­şyn­gur­lu­şyk. Ýur­duň da­şa­ry söw­da­syn­da­ky we eks­por­tun­da­ky oňyn ösüş dep­gin­le­ri mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şi­ne sal­dam­ly go­şant goş­dy.