Zarýad beketleri ýaýbaňlandyrylar

50

Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň sanynyň artmagy bu ulaglara zarýad berýän beketlere bolan zerurlygy hem artdyrdy. Şeýle ulaglaryň çalt depginler bilen ýaýraýan ýurdy bolan Germaniýada zarýad beriş beketleriniň gurluşygy çaltlandyrylar. Ýurduň hökümeti munuň üçin geljek üç ýylyň dowamynda 6,3 milliard ýewro sarp eder. Bu taslama ýurtda “nol uglerod” maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçiriler. Häzirki wagtda ýurtda 70 müň zarýad bekedi bolup, olaryň sanynyň 2030-njy ýyla çenli 1 milliona ýetirilmegi göz öňünde tutulýar.

Hökümet bu maýa goýumyň, esasan hem, az ilatly ýerler üçin sarp ediljekdigini belleýär. Bu bolsa, diňe iri şäherlerde däl, eýsem oba ýerlerindäki adamlaryň hem elektroulag alyp bilmeklerine mümkinçilik döreder.

Ýurduň Ulag ministri Wolker Wissing zarýad beriş infrastrukturasyny çaltlandyrmak bilen zarýad beriş ulgamyny ýeňilleşdirmegi we şeýlelikde adamlaryň täze düzgüne geçmeklerini aňsatlaşdyrmagy maksat edinýändiklerini aýdýar.

Zarýad beketleriniň ýaýbaňlanmagy bilen elektroulag alýanlaryň hem sanynyň artmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda ýurtda 1,5 million töweregi bolan elektroulaglaryň sanynyň 2030-njy ýyla çenli 10 esse köpelip, 15 milliona ýetmegine garaşylýar.

Berlinde zawody bolan “Tesla” şu ýylyň ilkinji 9 aýynda ýurtda iň köp elektroulag satan (38 müň 458) kompaniýa boldy. Awtoulagy önümçiliginiň esasy merkezleriniň biri bolan bu ýurtda amerikan brendiniň nemes brendlerinden öňe geçmegi adamlaryň elektroulaglara nädereje köp isleg bildirýändigini görkezýär.

Kakamyrat Azadow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby