Dünýäniň iň baý gaz gorlaryna eýe bolan Katarda ilkinji uly möçberli energiýa öndürýän Gün bekedi açyldy. Önümçilik kuwwaty 800 MW bolan “Al Harsaah” elektrik bekedi doly güýjünde işe girizildi. “Siraj-1” kompaniýasy tarapyndan ýurduň ilkinji Gün bekediniň gurluşygyny Fransiýanyň “TotalEnergies”, Kataryň “QatarEnergy” hem-de Ýaponiýanyň “Marubeni” kompaniýalary bilelikde amala aşyrdy. Bu energiýa diňe Kataryň däl, Aýlag sebitiniň hem iri Gün beketleriniň biridir.
Paýtagty Dohanyň 80 kilometr günbataryndaky çöllük ýerde gurlan desga müň gektar ýeri eýeleýär. Bu ýerde iki ýüzli iki million panel oturdylypdyr. Taslamanyň gurluşygyna 2020-nji ýylyň iýulynda başlanypdyr. Gurluşyk üçin 417 million dollar sarp edilipdir.
Katar 2030-njy ýyla çenli elektrik önümçiliginiň 20 göterimini gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden almagy maksat edinýär.
Selbi Çaryýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby
PDF









