26-28-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy (NaPeCo), Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy.

Göz­den ge­çi­ri­li­şiň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Hö­kü­met ag­za­la­ry, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik gul­luk­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, ne­bit­gaz ul­ga­my­nyň meş­hur işe­wür dü­züm­le­ri­niň, ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri, bu ul­gam­da iş­le­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň esa­sy bi­ler­men­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar we beý­le­ki­ler gat­naş­dy­lar.
Da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, bank­la­ryň we­kil­le­ri mas­la­hat­laş­ma­la­ra san­ly ul­gam ar­ka­ly go­şul­dy­lar. Fo­rum ýüz­ler­çe ada­my, şol san­da da­şa­ry ýurt­la­ryň 45-e go­la­ýynyň we­kil­le­rini bir ýe­re jem­le­di. Olar ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da hal­ka­ra, se­bit we mil­li de­re­je­de se­na­ga­tyň gel­jek­ki stra­te­gi­ýa­sy­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge ba­gyş­la­nan pre­zen­ta­si­ýa­lar, dün­ýä­niň ne­bit ba­za­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, bu ul­gam­da mar­ke­ting stra­te­gi­ýa­la­ry ba­ra­da­ky sel­je­riş-syn mag­lu­mat­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy.
Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi za­lyn­da eks­po­nent­le­riň 40-dan gow­ra­gy, şo­la­ryň ha­ta­ryn­da da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 10-dan gow­ra­gy, hu­su­san-da, Azer­baý­jan­dan, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan, Awst­ri­ýa­dan, Hy­taý­dan, Ma­laý­zi­ýa­dan, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den, Rus­si­ýa­dan, Sin­ga­pur­dan, Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­dan, Tür­ki­ýe­den, Ýa­po­ni­ýa­dan we beý­le­ki ýurt­lar­dan we­kil­ler di­war­lyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler.

Bu ýer­de önüm­le­ri hem-de ug­le­wo­do­rod çig ma­ly­ny göz­läp tap­mak, çy­kar­mak, iber­mek we sak­la­mak ul­ga­my­ny üp­jün et­mek, çuň bu­raw­la­mak, ozal­ky he­re­ket ed­ýän tur­ba ge­çi­ri­ji­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak, ola­ryň tä­ze­le­ri­ni gur­mak, ne­bi­ti we ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça kuw­wat­lyk­la­ry art­dyr­mak, gu­ýu­la­ryň önüm be­ri­ji­li­gi­ni kö­pelt­mek ba­bat­da hyz­mat­la­ryň giň ge­ri­mi gör­ke­zil­ýär. De­ňiz­de göz­läp tap­mak we Ha­zar­da tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ze­rur bo­lan ke­nar­ýa­ka dü­züm­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek ba­ra­da­ky me­se­le­le­re aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Ser­gi­de ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­ne, kär­ha­na­lar­da eko­lo­gik howp­suz­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­mak ul­ga­my­na de­giş­li gel­je­gi uly iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ra hem-de eko­lo­gi­ýa ug­ry bo­ýun­ça tä­ze­çil­lik­le­re uly orun be­ril­di.
Ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da «Türk­men­gaz», «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­sern­le­ri we «Türk­men­geo­lo­gi­ýa» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da iş­le­ýän on­lar­ça pu­dak­la­ýyn kär­ha­na, hu­su­sy te­le­ke­çi­ bar.
Ne­bit­gaz pu­da­gyn­da bol­şy ýa­ly, me­tal­lur­gi­ýa, hi­mi­ýa, ma­şyn­gur­lu­şyk, ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ryn­da, se­na­gat ul­ga­myn­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gik we teh­ni­ki kuw­wa­ta eýe bo­lan da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri öz önüm­le­ri­ni we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­mek bi­len bir­lik­de, hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ep-es­li gi­ňelt­mä­ge, işe­wür hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga hem amat­ly müm­kin­çi­lik al­ýar­lar.
«Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy – 2022» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat­da ener­ge­ti­ka ba­za­ry­nyň ösü­şin­dä­ki äh­lu­mu­my ýag­daý­la­ra we hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi, da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek ar­ka­ly, şol san­da Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi­ni öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça ozal­dan bar bo­lan ne­bit we gaz kän­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak, tä­ze­le­rin­de ga­zyp al­ma­gy iş­jeň­leş­dir­mek ýa­ly mö­hüm me­se­le­le­re ga­ral­dy.
«Ener­gi­ýa­nyň gel­je­gi: tä­ze howp­lar we müm­kin­çi­lik­ler» at­ly mow­zuk­da­ky umu­my mej­lis­de bi­ler­men­le­riň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, hä­zir­ki fo­rum ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ýag­daý­la­ry­na we gel­jek­ki ösü­şi­ne, ener­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň pan­de­mi­ýa­dan soň­ky tä­ze­den di­kel­di­li­şi­ne, ener­ge­ti­ka ba­zar­la­ry­nyň hä­zir­ki ýag­da­ýy­na ba­ha ber­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Türk­men ta­ra­py­nyň we­kil­le­ri­niň çy­kyş­la­ryn­da bu ul­gam­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­niň türk­men hü­när­men­le­ri­niň hem-de da­şa­ry ýurt­ly kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri­niň, ne­bi­ti we ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat üçin en­jam­la­ry ön­dü­ri­ji­le­riň, ma­ýa go­ýum gu­ra­ma­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek­le­ri bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy bel­le­nil­di.
Ple­nar mej­li­siň do­wa­myn­da BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy Dmit­riý Şla­pa­çen­ko, «SOCAR» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Row­şan Na­jaf, Gru­zi­ýa­nyň Ne­bit we gaz kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň Baş di­rek­to­ry Ge­or­giý Çi­ko­wa­ni, şol san­da san­ly ul­gam ar­ka­ly «CNPC» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Hou Sisz­ýun, Ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra agent­li­giň (IRE­NA) se­bit­le­ýin di­rek­to­ry Bi­nu Par­tan, Ýew­ro­pa Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Gi Lens çy­kyş et­di­ler. Da­şa­ry ýurt­ly gat­na­şy­jy­la­ryň çy­kyş­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­ne ne­ti­je­li çe­me­leş­me­gi­niň we äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan giň gol­daw ta­pan­dy­gy nyg­tal­dy.
Mow­zuk­la­ýyn mej­lis «Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka top­lu­my: Ha­zar deň­zi­niň ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek üçin tä­ze ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri» ady bi­len ge­çi­ril­di. Ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ra «Dra­gon Oil» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Ali Ra­şid Al Jar­wan, «Gaff­ney Cli­ne» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň se­bit­le­ýin di­rek­to­ry Drýu Pauell, «ENI S.p.A.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Rus­si­ýa we Mer­ke­zi Azi­ýa ba­za­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça bö­lüm mü­di­ri Er­nes­to Fer­len­gi, «Schlum­ber­ger Lo­gelco, Inc.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky şa­ham­ça­sy­nyň Baş di­rek­to­ry Nas­ser Dil­ma­ga­ni Za­de, şeý­le hem san­ly ul­gam ar­ka­ly «Trans Cas­pi­an Re­so­urces, Inc» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ge­ňeş­çi ko­mi­te­ti­niň di­rek­to­ry Na­ta­li Kos­tel­lo gat­naş­dy­lar.
Çy­kyş­lar­da ne­bit­gaz se­na­ga­tyn­da geo­lo­gi­ýa-göz­leg iş­le­ri, Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça tä­ze tas­la­ma­lar, «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni öz­leş­dir­me­giň tej­ri­be­si we gel­je­gi, onuň geo­lo­gik nus­ga­sy­nyň soň­ky tä­ze­len­me­si, pes ug­le­rod­ly ener­gi­ýa el­ýe­ter­li­lik, Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy ga­zy­nyň eks­por­ty­nyň gel­je­gi, «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ýa­ly ýur­du­myz üçin mö­hüm me­se­le­le­re aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­di.
«Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka top­lu­my: gu­ry ýer­de ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek we gaz­hi­mi­ýa ba­bat­da tä­ze ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri», «Ener­gi­ýa­nyň tä­ze döw­ri: içer­ki we se­bit­le­ýin ösüş üçin sep­git­ler», «Ug­le­wo­do­rod­la­ry ön­dür­mek­de eko­lo­gik me­se­le­ler», «In­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar we ne­bit­gaz ug­run­dan ylym-bi­lim ba­bat­da tä­ze­çil­lik­ler (nou-hau)» at­ly mow­zuk­la­ýyn mej­lis­le­riň bar­şyn­da me­se­le­le­riň giň top­lu­my ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ril­ýän mej­lis­ler­de da­şa­ry ýurt­ly iri ugur­daş kom­pa­ni­ýa­la­ryň we hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de hü­när­men­le­ri, bi­ler­men­ler çy­kyş et­di­ler.
Şeý­le-de, dün­ýä­niň bir­nä­çe ugur­daş kom­pa­ni­ýa­la­ry tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar, tej­ri­be alyş­dy­lar. Mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len bu pu­dak­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň stra­te­gik ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry, şol san­da san­ly ul­gam ar­ka­ly du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di.