Şu wagta çenli 445 futbolçy Dünýä Kubogyny gazandy

128

Dünýäniň iň uly iki sport çäresiniň biri bolan futbol boýunça Dünýä Kubogynyň (beýlekisi tomusky Olimpiýa oýunlary) başlamagyna 20 günden gowrak wagt galdy. Katarda geçiriljek 22-nji Dünýä Kubogy mynasybetli biz hem çempionat bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary, rekordlary, täsin hasabatlary siziň dykgatyňyza yzygiderli ýetirip durmagy makul bildik.

445 futbolçynyň 94-si braziliýaly futbolçylar

Häzirki wagtda 1904-nji ýylda esaslandyrylan FIFA-nyň 211 milli federasiýa agzasy bar. Şolaryň 79-sy (Katar bilen 80 bolýar) Dünýä Kubogyna gatnaşdy. 1930-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän Dünýä Kubogynda bary-ýogy 8 ýygynda çempionlyk gazanmak başartdy. Şol bir ýurtlaryň gaýtalanýan çempionlyklary bilen tapawutlanýan Dünýä Kubogyna toparlar irki ýyllarda 22, 1998-nji ýyldan bäri-de 23 futbolçy bilen gatnaşýar. Çempion bolan şol 8 ýygynda seredenimizde, müňlerçe futbolçynyň gatnaşan çempionatynda bary-ýogy 445 futbolçy Dünýä Kubogyny asmana göterdi. Ýagny 445 futbolçy Dünýäniň çempiony diýen ady eýeledi. Olaryň 94-si braziliýaly, 89-sy germaniýaly, 85-si italiýaly, 45-si fransiýaly, 44-si urugwaýly, 43-si argentinaly, 23-si ispaniýaly hem-de 22-si angliýaly futbolçylardyr.