XX asyryň başynda futbolyň watany Britaniýanyň çäginden çykyp, yklymyň beýleki ýurtlarynda, şol sanda Günorta Amerikada iň esasy sporta öwrülip başlapdy. Futboly bir ýere jemlemek maksady bilen 1904-nji ýylda esaslandyrylan FIFA-nyň ilkinji kongresi ýene-de şol ýyl Parižde geçirilýär. 1919-njy ýylda Fransiýanyň futbol federasiýasynyň başlyklygyna saýlanan Žýul Rime federasiýanyň 1-nji sekretary wezipesine-de Anri Deloneni belleýär. Olaryň ikisi Dünýä Kubogyny geçirmek üçin tagalla baryny edýär. 1920-nji ýylda Žýul Rime FIFA-nyň prezidenti wezipesine saýlanýar. Şol ýyllarda milli ýygyndylaryň özara duşuşýan ýeke-täk ýaryş Olimpiýa oýunlarydy. Ýöne Olimpiýa oýunlarynda-da professionallar çykyş edip bilmeýärdi. Bu ýagdaý futbolçylary biynjalyk edýärdi. 1920-nji ýylda Belgiýanyň Antwerpen şäherinde geçirilen ýygnanyşykda Dünýä Kubogyny geçirmek barada hemmeler ylalaşýar. 1926-njy ýylda Delani FIFA-nyň kongresinde: “Bu günki gün halkara futbol diňe Olimpiýa oýunlary bilen çäklendirilmeli däl. Ol indi bu çäge syganok. Häzirki wagtda ençeme ýurtda futbol professional derejede oýnalýar. Bu bolsa iň ökde oýunçylary Olimpiýa oýunlarynda çykyş edip bilmejekdigini aňladýar” diýip, märekä ýüzlenýär. Bu sözlerden soň ozal göwnemeýänleriň ählisi-de Dünýä Kubogynyň geçirilmegini birkemsiz makullaýar.

Ilkinji Dünýä Kubogyny guramak üçin 4-si Ýewropadan jemi 5 ýurt  Ispaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Şwesiýa hem-de Urugwaý isleg bildirýär. Çempionat üçin ýörite stadionyň guruljakdygy, şol sanda ýaryşa gatnaşjak ähli ýygyndylaryň çykdajylarynyň çekiljekdigi wada berilýär. 1930-njy ýylda ýurduň garaşsyzlygyna 100 ýylyň dolmagy, Urugwaýyň 1924-nji we 1928-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolmagy, başgaça aýdylanda, futbolyň şol wagtda iň öňdebaryjy ýygyndysynyň Günorta Amerikanyň bu kiçijek ýurdunyň bolmagy FIFA-nyň ýolbaşçylaryny yrmak üçin ýeterlik sebäpler bolýar. Şeýlelikde, 1928-nji ýylyň 26-njy maýynda Amsterdamda bolup geçen FIFA-nyň kongresinde täze uly ýaryşyň ilkinji guraýjysy diýlip Urugwaý saýlanýar. Bu ýagdaýdan nägile bolan 4 Ýewropa ýurdy muňa jogap hökmünde, çempionata gatnaşmakdan ýüz öwürýärler.

Çempionata Ýewropadan gatnaşjak ýygyndy tapylmaýar. Soňra Žýul Rime käbir ýygyndylary yrmak üçin aýlanyp çykýar. Netijede, öz ýurdy Fransiýadan başga Belgiýanyň, Ýugoslawiýanyň hem-de Rumyniýanyň ýygyndylary gatnaşmaga razylyk berýär. Beýleki ýurtlar ykdysady ýetmezçilik, ummandan geçmegiň kynçylygy, aranyň daşlygy… ýaly sebäplerden gatnaşmakdan boýun towlaýarlar. 3 ýygyndynyň – Fransiýanyň, Belgiýanyň hem-de Rumyniýanyň futbolçylary bir gämide Urugwaýa gidýär. Şeýlelikde, ilkinji Dünýä Kubogyna Ýewropadan 4, Günorta Amerikadan 7, Demirgazyk Amerikadan 2 ýygyndy, jemi 13 topar gatnaşýar. Toparlar 4 toparçada çykyş edip, 1-nji toparçada 4, beýlekilerinde-de 3 ýygyndy özara güýç synanyşmaly edilýär. Ýer eýesi Urugwaý, Argentina, Braziliýa we ABŞ esasy faworitler hökmünde bijä gatnaşýar.

Eminiň uly ýalňyşlygy

1930-njy ýylyň 13-nji iýulynda başlan çempionatyň ilkinji iki oýny şol bir wagtda bat alýar. Ilkinji duşuşyklarda Fransiýa Meksikany 4–1, ABŞ bolsa Belgiýany 3–0 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär. Fransiýa–Meksika duşuşygynyň 19-njy minutynda tapawutlanan fransiýaly Lusien Loren Dünýä Kubogynyň taryhyndaky ilkinji goly geçiren futbolçy hökmünde adyny altyn harplar bilen ýazdyrýar. 1-nji toparçanyň iň ýatda galan oýny Argentina bilen Fransiýanyň arasyndaky duşuşyk bolup, braziliýaly emin Almeida Rego ýalňyşlyk bilen 1-0 hasabynda utulyp barýan Fransiýanyň hüjümi dowam edýän pursatynda duşuşygy wagtyndan 6 minut öň tamamlaýar. Dessine FIFA-nyň degişli ýolbaşçylary egin-eşiklerini çalşan futbolçylary täzeden meýdança çykarýar we oýnuň galan 6 minudy oýnalýar. Toparçadaky ähli oýnuny-da ýeňip 6 utuk toplan Argentina ýarym finala çykýar (her ýeňşe 2 utuk berilýärdi). 2-nji toparçada Ýugoslawiýa Braziliýany 2–1 hasabynda ýeňýär. Soňra iki topar hem Boliwiýany 4-0 hasabynda utýar. Şeýlelikde 4 utuk toplan Ýugoslawiýa ýaryşy dowam etdirýär. 3-nji toparçada “Centenario” stadionynyň gurluşygy doly tamamlanýança Urugwaý duşuşyk geçirmeýär. Ilkinji duşuşygyny çempionat başlanyndan 5 gün soň oýnan Urugwaýyň ýygyndysy ilki Peruwy 1-0, soňra Rumyniýany 4-0 ýeňip, aňsatlyk bilen ýarym finala çykýar. 4-nji toparçada ABŞ-nyň ýygyndysy Belgiýany-da, Paragwaýy-da 3-0 hasabynda utup, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanýar. Belgiýanyň derwezesinden 3 gol geçiren Bert Patanaude Dünýä Kubogynyň taryhynda het-trik eden ilkinji futbolçy bolýar. Şondan 2 gün soň 1-nji toparçada Argentinanyň Meksikany 6-3 hasabynda ýeňen duşuşygynda Stabile 3 gezek tapawutlanýar.

6-1 hasabynda tamamlanan ýarym final oýunlary

Ýarym finalyň iki duşuşygy hem 6-1 hasabynda tamamlanýar. Argentina bilen ABŞ duşuşýar. Argentinler 1-nji ýarymda 1-0 hasabynda öňe saýlanýarlar. Soňlugy bilen, esasy oýunçysy Treýsiniň şikes almagyndan soň ABŞ 2-nji ýarymda 5 gol geçirdip, 6-1 hasabynda utulýar. Duşuşykda Stabile we Peusellanyň hersi 2 gol geçirýär. Beýleki ýarym finalda Ýugoslawiýa 4-nji minutda öňe saýlanýar. 18-nji minutda meýdançanyň daşyna barýan topy gapdalda duran polisiýa işgäri aýagy bilen saklaýar. Şol pursatdan soň Pedro Sea hasaby deňleýär. 20-nji minutda Anselmo Urugwaýy öňe çykarýar. Bu goldan soň ýugoslawlar hasaby deňlese-de braziliýaly emin arassa goly ofsaýt bahanasy bilen hasaba almaýar. Netijede, Urugwaý Pedro Seanyň 3 gol geçiren bu oýnunda (ýaryşyň 3-nji het-trigi) 6-1 hasabynda utup, finala çykýar.

Her kim öz topunda ýeňýär

Ilkinji Dünýä çempionyny kesgitlejek final oýny 30-njy iýulda Montewideodaky “Sentenario” stadionynda, Günorta Amerika yklymynyň iki wekili, araçägini Plata derýanyň kesýän iki ýurdy – Urugwaý bilen Argentinanyň arasynda oýnalýar. 93 müň adamyň tomaşa eden oýnuna belgiýaly Jon Lanjenus eminlik edýär. Duşuşygyň 1-nji ýarymy argentinleriň topy bilen oýnalýar. Oýnuň 12-nji minutynda ýer eýesi Urugwaýyň oýunçysy Dorado hasaby açýar. 20-nji minutda Peuselleniň hasaby deňlemeginden soň, Stabile 37-nji minutda argentinleri öňe saýlaýar. Duşuşygyň 2-nji ýarymy urugwaýlylaryň topy bilen oýnalyp, Sea (59), Iriarte (69) hemde Kastro (89) gollary esasynda ýer eýeleri 4–2 hasabynda ýeňiş gazanýar.

3-nji ýer üçin duşuşyk geçirilmän, ýarym finalda utulan iki toparyň çempionatdaky oýunlaryna seredilip, ABŞ bürünç medalyň eýesi diýlip kesgitlenilýär.

 

Gyzykly maglumatlar

* Çempionata gatnaşan Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň düzümini ýurduň şasy Karol II saýlaýar.

* 1-nji toparçadaky Argentina bilen Çiliniň arasyndaky oýunda her toparyň tälimçileri Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň ýaş tälimçiler bolýar (Huan Hose Tramutola 27 ýaş, Gýorgi Orth 29 ýaş).

* Duşuşyklar paýtagt Montewideodaky 3 stadionda (“Positos” – 1000 janköýerli, “Parkue Sentral” – 20 000, “Centenario” – 90 000) oýnalyp, iň az sanly stadionda geçirilen çempionat hökmünde taryha girýär.

* Final oýnunyň geçirilen “Centenario” (100-nji ýyl diýen manyny aňladýar) stadiony çempionat üçin, şol sanda ýurduň garaşsyz bolanyna 100 ýylyň dolmagy sebäpli geçiriljek dürli çäreler üçin ýörite gurulýar.

* 3-nji toparçadaky Rumyniýa bilen Peruwyň arasyndaky duşuşyga bary-ýogy 300 adam tomaşa edýär.

* Final oýnunyň ertesi güni bolan 31-nji iýul çempionlyk gazanan Urugwaýda milli dynç güni diýlip yglan edilýär.

* Ilkinji Dünýä Kubogynda çykyş etmek üçin saýlama oýunlary geçirilmeýär. Gatnaşan 13 milli ýygyndy ýörite çakylyk boýunça bu ýerde çykyş edýär.

* Çempionata jemi 15 emin (baş emin, gapdal emin) gatnaşýar (Belgiýadan 2, Fransiýadyr Rumyniýadan hem-de Meksikadan 1, galany-da Günorta Amerika yklymynyň wekilleri bolup, olaryň 6-sy Urugwaýdan).

* Dünýä çempionatyna gatnaşan ýurtlaryň Urugwaýa barýança haýsy toparçada çykyş etjekdigi belli edilmändi. Bijeler ähli topar Urugwaýa geleninden soň çekilýär.

* Dünýä Kubogynyň taryhyndaky ilkinji goly fransiýaly Lusien Loren derwezä girizýär (Fransiýa-Meksika: 4-1). Ilkinji 11 metrlik jerime urgusyny meksikaly Manuel Rosas ýerine ýetirýär (Argentina-Meksika: 6-3). Öz toruna girizilen ilkinji gol hem meksikaly Manuel Rosasa degişli bolup, ol toparynyň Çili bilen geçiren duşuşygynyň 52-nji minutynda topy öz derwezesinden girizýär (Çili-Meksika: 3–0).

* 1930-njy ýyldaky ilkinji Dünýä Kubogynda çempion bolan futbolçylaryň iň soňkusy Ernesto Maskeroni 1984-nji ýylyň 3-nji iýulynda 76 ýaşynda,  şol çempionata gatnaşan futbolçylaryň iň soňkusy argentinaly Fransisko Warallo 2010-njy ýylyň 30-njy awgustynda ýagny çempionatdan 80 ýyl soň, 100 ýaşynda aradan çykýar.

* Çempionatyň iň köp gol geçiren futbolçysy argentinaly Gillermo Stabile ilkinji oýunda esasy düzümde meýdança goýberilmeýär. Toparyň esasy hüjümçisi Manuel Ferreira uniwersitet synaglary üçin Urugwaýdan öz ýurdy Argentina dolanýar. Şondan soň  tälimçi Stabileni meýdança çykarýar. Ol 4 oýunda 8 gol geçirýär.

 

Çempion: Urugwaý

Finalçy: Argentina

3-nji ýer: ABŞ

4-nji ýer: Ýugoslawiýa

Gatnaşan toparlar (13): Urugwaý, Argentina, Belgiýa, Boliwiýa, Braziliýa, Fransiýa, Çili, Rumyniýa, Ýugoslawiýa, Meksika, Peru, Paragwaý, ABŞ

Geçirilen wagty: 13-30-njy iýul (1930)

Oýnalan duşuşyk: 18 oýun

Geçirilen gol: 70 (ortaça 3,9)

Tomaşaçy: 434 500 (ortaça 24138)