Katarda geçiriljek 22-nji Dünýä Kubogyna 36 baş emin çagyryldy. Baş eminleriň arasynda Argentinadyr Braziliýadan, Fransiýadan hem-de Angliýadan 2 emin bolup, ilkinji gezek erkekleriň arasyndaky Dünýä Kubogynda zenan eminler hem jürlewük çalar. Olar fransiýaly Stefanie Frappar, ruandaly Salima Mukansanga hem-de ýaponiýaly Ýoşimi Ýamaşita dagydyr. Şeýle-de, gapdal eminleriň 69-sy hem-de VAR-da oturjak 24 emin hem Katardaky guramaçylyga gatnaşar.
Gambiýaly Bakari Gassama 3-nji gezek Dünýä Kubogynda çykyş eder. Şonuň ýaly gapdal eminlerden argentinaly Huan Pablo Belatti hem 3-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar.
BAE-li Mohammed Abdulla Hassan Mohamed, meksikaly Sezar Arturo Ramos, zambiýaly Janni Sikazwe, Täze zelandiýaly Mettýuw Konger, polşaly Simon Marçiniak, ispaniýaly Antonio Mateu Laos, fransiýaly Klemen Turpen Russiýa 2018-den soň Katar 2022-de hem jürlewük çalarlar.
Katar 2022-de jürlewük çaljak baş eminler:
Abdulrahman Al-Jassim (Katar)
Kris Bet (Awstraliýa)
Alireza Fagani (Eýran)
Ma Nin (Hytaý)
Mohammed Abdulla Hassan Mohamed (BAE)
Ýoşimi Ýamaşita (Ýaponiýa)
Bakari Gassama (Gambiýa)
Mustafa Gorbal (Alžir)
Wiktor Gomes (Günorta Afrika)
Salima Mukansanga (Ruanda)
Maguette Ndiaýe (Senegal)
Janni Sikazwe (Zambiýa)
Iwan Barton (Salwador)
Ismail Elfat (ABŞ)
Mario Eskobar (Gwatemala)
Said Martines (Gonduras)
Sezar Arturo Ramos (Meksika)
Rafael Klaus (Braziliýa)
Andres Matonte (Urugwaý)
Kewin Ortega (Peru)
Fernando Rapallini (Argentina)
Wilton Sampaio (Braziliýa)
Fakundo Teýýo (Argentina)
Hesus Walenzuela (Wenesuela)
Mettýuw Konger (Täze Zelandiýa)
Stefanie Frappar (Fransiýa)
Iştwan Kowaç (Rumyniýa)
Danni Makkelie (Nidarlandlar)
Simon Marçiniak (Polşa)
Antonio Mateu Laos (Ispaniýa)
Maýkl Oliwer (Angliýa)
Daniele Orsato (Italiýa)
Daniel Sibert (Germany)
Antoni Teýlor (Angliýa)
Klemen Turpen (Fransiýa)
Slawko Winçiç (Sloweniýa)