Saud Arabystanynda ýakyn ýyllarda Pars aýlagynda ilkinji dag lyža şypahanasyny gurmak meýilleşdirilýär. Ýurt 2029-njy ýylda Aziýa gyş oýunlaryny geçirmäge taýýarlanýar. Esasy sport meýdançalarynyň biri geljekki NEOM şäherinde 2026-njy ýyla çenli gurulmaly Trojena dag lyža şypahanasy bolar.

Patyşalygyň Olimpiýa komitetiniň habaryna görä, Akaba aýlagynyň kenaryndan 50 kilometr uzaklykda, daglarda lyžada typmak üçin özboluşly mekan peýda bolar. Gyş aýlarynda ol ýerdäki temperatura noldan aşak düşýär we daglaryň etegindäki ýylyň ortaça temperaturasy Saud Arabystanynyň beýleki ýerlerine garanyňda on dereje pesdir.

Trojenanyň, takmynan, 60 inedördül kilometre deň meýdany eýelejekdigi we alty etrapdan ybarat boljakdygy çak edilýär. Bu ýerde myhmanlary ýerleşdirmek üçin kwartiralar, şaleler we beýleki alp görnüşli desgalar bolan şäherçe gurlar. Myhmanhanalar dag lyža eňňidiniň gapdalynda ýerleşer.

Trojenada lyžada typmak bütin ýylyň dowamynda mümkin bolar: lyža örtügi temperatura düzgüniniň we emeli garyň kömegi bilen saklanar. Tomus paslynda syýahatçylar trekking, welosport, ýoga, gaýalara dyrmaşmak we triatlon bilen meşgullanarlar. Şol ýerde guruljak obserwatoriýadan bolsa, ýyldyzlary synlamak mümkin bolar.

Bu ýerde dynç alýanlar üçin saglyk şypahanalary, dükanlar we restoranlar açylar. Gyş möwsüminde moda hepdeligi, ýagtylyk şowlary, dünýäniň pop ýyldyzlarynyň konsertleri we hatda halkara film festiwaly ýaly köp çäreler geçiriler.

Trojenanyň myhmanlary ýylyň islendik wagtynda Gyzyl deňziň kenaryna baryp bilerler. Bu ýerde birnäçe deňiz şypahanalary gurlar. Saud Arabystanyň häkimiýetleriniň meýilnamasyna laýyklykda, 2030-njy ýylda bu taslama 700 müň syýahatçyny özüne çekmeli we ýurduň býujetine ýylda 800 million dollar getirmeli.