Piwauwau atly köplere belli bolmadyk guşjagaz Täze Zelandiýada her ýyl geçirilýän “Ýylyň guşy” bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Bu guşuň agramy bary-ýogy 20 grama hem ýetmeýär.
-Bu guşlar adatça, howanyň gyzmagynyň täsirini ýiti duýýarlar, netijede, alaka ýaly jandarlar olaryň dag gerişlerindäki guran höwürtgelerine golaý baryp, bu guşjagazlary awlaýarlar – diýip, çäräniň guramaçylary gürrüň berýärler.
Ýatlap geçsek, geçen ýyl uzyn guýrukly ýarganat “Ýylyň guşy” bäsleşiginiň ýeňiji bolupdy.