Şu ýylyň üçünji çärýeginde halkara energiýa kompaniýalarynyň girdejisi görnetin ýokarlandy. Degişli döwürde “ExxonMobil” kompaniýasynyň peýdasy üç esse ýokarlanan bolsa, “Chevron” peýdasy 84 göterim artypdyr. Fransiýanyň “Total” kompaniýasynyň üç aýyň dowamyndaky peýdasy iki esse artyp, 9,9 milliard dollara ýetipdir. Iňlis-niderland bilelikdäki kompaniýasy bolan “Shell”-iň peýdasy degişli döwürde iki esse artyp, 9,45 milliard dollar bolupdyr. “ExxonMobil” kompaniýasy üçünji çärýekde 19,7 milliard dollar peýda görendigini, bu görkezijiniň geçen ýyly degişli döwründe 6,8 milliard dollar bolandygyny mälim etdi. Şeýlelikde kompaniýa her paýnamadan 4,68 dollar peýda görüpdir. “Chevron”-yň arassa peýdasy 11,2 milliard dollara ýetipdir.
Aýjemal Ýazmyradowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









