UEFA Çempionlar Ligasynda “D” toparçanyň ykbaly 6-njy oýunlarda kesgitlendi. 5-nji duşuşyklardan soň ähli klubuň hem ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligi bardy. “Sportingi” 2 oýunda yzly-yzyna ýeňip, ýaryşa goşulan “Marsel” öz meýdançasynda 8 utukly “Tottenhamy” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda 1-nji ýarymyň ahyrynda “Marsel” Mbembanyň goly bilen öňe geçdi. Iňlisler 54-nji minutda Lengleniň goly esasynda hasaby deňlemegi başardy. Oýnuň 90+5-nji minutynda Hoýbýorgyň goly bilen 2-1 öňe saýlanan “Tottenham” toparçadaky liderligini saklap, 1/8 finala adyny ýazdyrdy. “Marsel” bolsa agza-burna gelen 2-nji tapgyry elden giderip, Ýewrokuboklaryň daşynda galdy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda-da edil “Marsel”–“Tottenham” duşuşygyndaky ýaly netije hasaba alyndy. Bu duşuşykda-da ýer eýeleri “Sporting” 39-njy minutda Arturyň goly bilen 1-0 öňe saýlandy. 62-nji minutda “Aýntrahtyň” ýaponiýaly oýunçysy Kamada penaltini dürs urup, hasaby deňledi. Bu goldan 10 minut soň Kolo Muani nemes klubuna ýeňiş getiren oýunçy boldy. Şeýlelikde, UEFA Çempionlar Ligasyna ilkinji gezek gatnaşýan “Aýntraht” topary 1/8 finala adyny ýazdyrdy. Ýewropa Ligasynyň çempiony hökmünde bu ýaryşa gatnaşan “Aýntraht” toparçada 2-nji ýeri eýeledi. “Sporting” bolsa 3-nji orny eýeläp, ýoluny Ýewropa Ligasynda dowam etdirer.