2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy.

Mej­lis­de har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry çy­kyş edip, ýan­war-okt­ýabr aý­la­ryn­da ge­çi­ri­len iş­ler, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak, iş­gär­le­riň hü­nä­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, şeý­le hem ýol­baş­çy­lyk ed­ýän gul­luk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýän­di­gi­ni, iň hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry­nyň we en­jam­la­ryň sa­tyn alyn­ýan­dy­gy­ny, ser­ker­de­le­riň, es­ger­le­riň sö­weş­jeň taý­ýar­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Gö­rül­ýän äh­li anyk çä­re­ler Wa­ta­ny­my­zyň howp­suz­ly­gy­ny, onuň mu­kad­des ser­het­le­ri­niň go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di hem-de har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­re ün­si çek­di. Iş­gär­ler bi­len üp­jün­çi­li­gi pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när ba­şar­nyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şah­sy dü­zü­mi­niň ara­syn­da wa­tan­çy­lyk-ter­bi­ýe­çi­lik çä­re­le­ri­ni gu­ra­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aý­dyp, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­ran­mak mi­nist­ri­ne, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hu­ku­gy go­ra­ma­gyň hem-de ka­nu­ny­ly­gy üp­jün et­me­giň mö­hüm döw­let eda­ra­sy hök­mün­de pro­ku­ra­tu­ra­nyň eýe­le­ýän or­nu­ny bel­läp, bu eda­ra­nyň iş­gär­le­ri­niň üst­le­ri­ne ýük­le­ni­len we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­li­dik­le­ri­ni, giň dün­ýä­ga­raý­şa we öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len iş­le­mek ba­şar­ny­gy­na eýe bol­ma­ly­dyk­la­ry­ny nyg­ta­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly ul­ga­my iş­jeň ulan­mak ar­ka­ly bu eda­ra­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek ba­ra­da­ky me­se­le­le­ri he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy tab­şy­ryp, Baş pro­ku­ro­ra anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Türk­me­nis­tan­da ka­nun­çy­ly­gyň we hu­kuk düz­gün-ter­ti­bi­niň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­me­giň ze­rur­dy­gy­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, paý­tag­ty­myz­da hem-de we­la­ýat­lar­da ulag se­riş­de­le­ri­niň saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti­niň üp­jün edil­me­gi­niň, äh­li eda­ra­lar­da ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edi­li­şi­ne yzy­gi­der­li bar­lag­la­ry ge­çir­me­giň wa­jyp­dy­gy bel­le­nil­di. Iş­le­me­giň hä­zir­ki za­man gu­ra­ma­çy­lyk gör­nüş­le­ri­ni, IIM-niň hem­me dü­züm bö­lüm­le­rin­de san­ly ul­ga­my ulan­mak, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak öň­de dur­ýan iş­le­riň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da çy­kyş ed­ýär di­ýip, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy aýt­dy hem-de içe­ri iş­ler mi­nist­ri­ne de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.
Mej­li­siň do­wa­myn­da döw­let Baştutanymyz ka­zy­ýet ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­di. Öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek üçin tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak ar­ka­ly, ka­zy­ýet eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň hü­när ba­şar­nyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça okuw mas­la­hat­la­ry­ny gu­ra­mak ze­rur di­ýip, Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy eda­ra­nyň ýol­baş­çy­sy­na de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Sy­ýa­sy dur­nuk­ly­lyk, hal­ky­my­zyň mi­ze­mez ag­zy­bir­li­gi we je­bis­li­gi, pa­ra­hat­çy­lyk­ly, dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti Wa­ta­ny­my­zyň düýp­li öz­gert­me­ler ýo­ly bi­len üs­tün­lik­li öňe iler­le­me­gi­niň kes­git­leý­ji şer­ti bo­lup dur­ýar. Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry ýur­da hä­zir­ki za­ma­nyň äh­lu­mu­my howp­la­ry­nyň ara­laş­ma­gy­na ýol ber­mez­lik­den yba­rat­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu dü­zü­miň ýol­baş­çy­sy­na ýur­du­myz­da howp­suz­ly­gy, jem­gy­ýet­de aba­dan­çy­ly­gy, hu­kuk ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek üçin beý­le­ki hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar bi­len ýa­kyn gat­na­şyk­la­ry sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň üs­tü­ne ýük­le­ni­len we­zi­pe­le­riň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di. Döw­le­ti­miz bu dü­zü­miň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne he­mi­şe gol­daw ber­ýär di­ýip, döw­let Baştutanymyz şah­sy dü­zü­miň sö­weş­jeň, be­den, hü­när taý­ýar­lyk de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hu­kuk öz­gert­me­le­ri­niň mö­hüm ugur­la­ry ba­ra­da aý­dyp, ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­ny sel­jer­me­li­di­gi­ni hem-de he­re­ket ed­ýän ka­nun­la­ra üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek ha­kyn­da tek­lip­le­ri taý­ýar­la­ma­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Ka­bul edil­ýän ka­da­laş­dy­ry­jy res­mi­na­ma­lar ba­ra­da ilat ara­syn­da dü­şün­di­riş hä­si­ýet­li çä­re­le­ri ta­la­ba­la­ýyk de­re­je­de ge­çir­me­li di­ýip, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy bel­le­di hem-de ada­lat mi­nist­ri­ne anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den geç­ýän üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň müm­kin­çi­li­gi­ni gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­di. Da­şa­ry döw­let­le­riň ugur­daş dü­züm­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek we öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri öw­ren­mek mö­hüm­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek bo­ýun­ça anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len oňyn gat­na­şyk­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän hä­zir­ki döw­rün­de Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň her bir iş­gä­ri­niň mö­hüm bor­ju­nyň döw­let özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­nyň esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­mek­den yba­rat­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ul­gam­da dün­ýä tej­ri­be­si­niň iş­jeň öz­leş­di­ril­me­gi­ne, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na, ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän mig­ra­si­ýa hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­si jem­läp, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne pug­ta yg­rar­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň ýurt­la­ry we halk­la­ry bi­len dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li sak­la­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Şu ýö­rel­ge­le­re esas­la­nyp, Har­by dokt­ri­na­myz di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe­dir, şo­ňa la­ýyk­lyk­da, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň dü­züm­le­ri mun­dan beý­läk-de yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ri­ler, Wa­ta­ny­my­zyň go­ra­nyş uky­by pug­ta­lan­dy­ry­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy. Har­by gul­luk­çy­la­ryň we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş, gul­luk şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de uly iş­le­riň ama­la aşy­ryl­jak­dy­gy­na, ser­ker­de­le­riň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­jek­di­gi­ne aý­ra­tyn üns çe­kil­di.
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de beý­le­ki me­se­le­le­re-de ga­ra­lyp, olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.