22 – 30-njy oktýabr aralygynda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) guramagynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde «TeatrALL» atly ikinji halkara teatr festiwaly geçirildi. Festiwala Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Gruziýanyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Halkara festiwalda ýurdumyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary wekilçilik etdi.

Türkmen sahna ussatlarymyz A.Mämmedow adyndaky döwlet drama we komediýa teatrynda azerbaýjan ýazyjysy U.Gajybekowyň «Arşin mal alan» atly sahna oýnuny görkezdiler. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň sahnalaşdyran bu oýnuna tomaşa edýänleriň arasynda Gazagystanda okaýan türkmen talyplaryň hem bardygyny bellemek gerek.

Festiwalyň çäginde «Romeo we Julýetta», «Berendi Beket», «Guş ýoly», Özbegistan Respublikasynyň döredijilik toparynyň «Täç», Azerbaýjanyň G.Aliýew adyndaky döwlet teatrynyň «Morfiý», Gyrgyz Respublikasynyň akademiki teatrynyň «Samançynyň ýoly» atly spektakllaryna-da tomaşa etdik.

30-njy oktýabrda halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda teatrymyzyň hoşallyk çykyşy guraldy. Dabaranyň çäginde TÜRKSOÝ-nyň wekili Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna gurama tarapyndan döredilen «Magtymguly Pyragy» medalyny hem-de diplomlary gowşurdy. Şeýle-de döredijilik toparymyzyň agzalaryna medallardyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Teatr festiwalynyň dowamynda oňa gatnaşýan döredijilik toparynyň agzalary aktýorlyk ussatlygy, sahna dili, sahna hereketi ýaly ugurlarda tejribe alyşmaga gönükdirilen sapaklara gatnaşdylar. Şeýle hem festiwala gatnaşýan aktýorlardyr režissýorlar bilen döredijilik duşuşyklary guraldy.