Wenanyň şäher häkimligi jemgyýetçilik ulag serişdeleriniň täze görnüşi hökmünde welosiped hödürledi. Mundan ozal dünýäniň köp sanly iri şäherlerinde elektrouaglary kärendesine berýän ulgamlar ýola goýlupdy. Bu ulgam adamlaryň özüne ýakyn islendik duralgadaky ulagy kärendesine alyp, barjak ýerine çenli aşmaga mümkinçilik berýär. Indi bolsa şeýle ulgam welosipedler üçin hem ýaýbaňlandyrylyp başlandy. Awstriýanyň paýtagtynda iki tigirli ulaglary kärendesine berýän tor işe girizildi. Häkimlik şäher üçin 3 müň welosiped satyn alyp, 200-den gowrak kärende nokatlaryny üpjün etdi.

Bir ulgamdan peýdalanmak üçin şäheriň jemgyýetçilik ulagy kartynda töleg edip bolýar. Onuň tölegi ýarym sagat üçin 30 ýewrosent. Ýol peteksiz gezelenjiň bahasy 60 ýewrosente deň.

Awtoulaglar ekologiýa taýdan ýaramsyz ulag serişdesi hasaplanýar. Maglumatlara görä, awtoulaglar adatça, Ýewropadaky ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylarynyň 72 göterimini emele getirýär.

Ýewropada adamlaryň öz hususy awtoulaglaryndan az ulanmaga höweslendirmek maksady bilen dürli usullar işe girizilýär. Mysal üçin, Fransiýada elektrowelosiped satyn almak isleýänlere 4 müň ýewro berip başlanan bolsa, Ispaniýada elektrik otlularda gatnamak mugt ýola goýuldy.