Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýurduň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň arasynda geçirilen odun çapmak ýaryşyna gatnaşdy. Bu barada “MIR 24” habar berýär.
Ýurduň birnäçe gazet-žurnallarynyň we teleýaýlymlarynyň 100-den gowrak işgäri ellerine paltadyr byçgy alyp işe girişdiler. Aleksandr Lukaşenko žurnalistler bilen agajy nädip çapmalydygy barada pikir alyşdy.
Lukaşenko habar beriş serişdeleriniň wekillerine hoşamaý sözlerini aýdyp, olary ýeňşe ruhlandyrdy.
Odun çapmak ýaryşyny guramak baradaky pikiri Belarusyň habar beriş serişdeleriniň işgärleri teklip etdiler. Muňa internetde Lukaşenkonyň Ýewropa ýurtlary üçin gyşlyk odun taýýarlaýandygy baradaky wideorolik sebäp boldy. Indi ýaryşy her ýyl geçirmek barada karara gelindi.