Alžir döwleti BRIKS-e goşulmak üçin resmi taýdan ýüz tutdy. Bu barada ýurduň daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlygy boýunça ýörite wekili Leýla Zarouki mälim etdi. Bu barada “Al-Şuruk” neşiri habar berýär. Awgust aýynda Alžiriň Prezidenti Abdelmajid Tebbun hem öz ýurdunyň BRIKS-e goşulmaga taýýardygyny mälim edipdir. Ol munyň üçin Alžirde ähli şertleriň bardygyny belledi.

Iýunda bileleşige girmek üçin Eýran ýüz tutupdy.

BRIKS topary Braziliýa, Russiýa, Hindistan we Hytaý ýaly ýurtlaryň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda döredilen bileleşikdir. 2010-njy ýylda Günorta Afrika Respublikasy bu gurama goşuldy we şondan bäri täze agzalar bilen üsti doldurylmady.

2022-nji ýylyň başynda, Argentinanyň Prezidenti Alberto Fernandes BRIKS toparyna goşulmak isleýändigini mälim etdi. Mundan başga-da, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde Indoneziýa dalaşgär hökmünde orta atylýar.

BRIKS ýurtlarynyň ilatynyň köplügi (dünýä ilatynyň 43%-i), tebigy baýlyklarynyň uly gorlary soňky ýyllarda bileleşikdäki Hytaý we Hindistan ýaly ýurtlaryň işjeň durmuşa geçirýän ykdysady özgertmeleri giň mümkinçilikleri döredýär.