Dünýäniň öňdebaryjy awtoulag kompaniýalary elektroulag we batareýa önümçiliginde ulanylýan çig mal üçin 2030-njy ýyla çenli 1,2 trillion dollar sarp eder. Elektroulaglara bolan gyzyklanmanyň artýan soňky ýyllarynda Ýewropada we Demirgazyk Amerikada adaty ýangyçly ulaglaryň satuwynyň çäklendiriljek wagty bellenilip başlandy.

“Benchmark Mineral Intelligence” maglumat beriş şereketiniň maglumatlaryna görä, elektroulag önümçiligi garaşylandan has köp artar. Bilermenleriň  çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli 54 million elektroulag öndürer. Şol ýylda ähli ulaglaryň ýarysy batareýaly bolar.

Elektroulag önümçiliginde öňdebaryjy kompaniýa bolan “Tesla” 2030-njy ýyla çenli 20 million elektroulag öndürmegi meýilleşdirýär.

Rahmanberdi Gylyçdurdyýew, Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.