Khalifa International” stadiony: Halkara Halyfa stadiony hem diýilýän bu stadion 1976-njy ýylda gurulýar. Al Raýýan ýa-da Er-Raýýan şäherindäki bu stadion köp maksatly bu desga bolup, Kataryň sport taryhyndaky iň esasy stadionlaryň biridir. Bu stadionda 2011-nji ýylda Aziýa Kubogynyň finaly, şeýle-de, 2019-njy ýylda ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär. 2005-nji ýylda hem-de 2014-2017-nji ýyllar aralygynda durky täzelenen stadion 45 müň 416 tomaşaça niýetlenendir. Kataryň milli ýygyndysynyň duşuşyklarynyň geçirilýän bu stadiony 300 metr beýiklikdäki Aspire diňiniň ýanynda ýerleşýär Toparçalardaky 6 duşuşyk (olaryň käbirleri: Angliýa-Eýran, Germaniýa – Ýaponiýa, Ýaponiýa – Ispaniýa), şol sanda 1/8 finalyň 1 duşuşygy hem-de 3-nji ýer ugrundaky duşuşyk bu ýerde oýnalar. Stadionyň ýene bir iň uly aýratynlygy-da 3-2-1 atly sport muzeýi bolup, onda meşhur ýyldyzlaryň gol çeken ýadygärlik sowgatlyklary görkezilýär.