Ertir, 11-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde geçiriler. Bu sammitde gurama täze baş sekretary bellenilmegine garaşylýar. Garaşylyşy ýaly, Gyrgyz Respublikasynyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kubanyçbek Omuraliýewiň Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary wezipesine saýlanylmagyna garaşylýar.

Guramanyň baş sekretary 3 ýyl möhlet bilen saýlanýar. Häzirki wagtda bu guramanyň baş sekretarlyk wezipesini Bagdad Amraýew alyp barýar.

Bu barada “www.uzdaily.uz” internet neşiri habar berýär.