Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Mohammed bin Salman geljek on ýylyň dowamynda “Ýaşyl Ýakyn gündogar başlangyjyna” goldaw bermek üçin 2,5 milliard dollaryň beriljekdigini aýtdy. Müsüriň Şarm-eş-Şeýh şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-27) çäklerinde Müsür bilen Saud Arabystanynyň başlyklyk etmeginde ýygnak geçirildi. Bu ýygnakda geçen ýyl ýola goýlan başlangyjyň çäklerinde sebitde uglerodyň howa goýberilişini azaltmagyň hem-de 50 milliard agaç ekmegiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.
Bu başlangyjyň çäklerinde sebitde ýüze çykyp biljek tüweleýi öňünden duýdurýan merkeziň hem döredilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu ýerde durnukly balykçylyk we emeli ýagyş ýagdyrmak üçin merkezler hem dörediler. Howany az hapalaýan ykdysadyýediň döredilmegi hem taslamanyň esasy maksatlaryň biri bolup durýar.
Taslama üçin 10,4 milliard dollar bölünip berler. Bu görkezijiniň 15 göterimi Saud Arabystany tarapyndan üpjün ediler.
Agamurat Babadjanow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









