“Puma SE”-niň ozalky baş ýerine ýetiriji direktory Býorn Gulden 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap “Adidas AG”-a ýolbaşçylyk eder. Bu barada sport harytlaryny öndürmekde dünýäde ikinji ýerde durýan kompaniýanyň beýanatynda bellenilýär.

Kompaniýa 2016-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýän, “Adidas”-yň häzirki ýaş direktory Kasper Rorsted 11-nji noýabrda wezipesinden çekildi we ýylyň aýagyna çenli onuň wezipesini maliýe direktory Harm Olmeýer ýerine ýetirer.

Guldeniň wezipesi “Adidas”-y çökgünlikden çykarmak. Gulden öň “Adidas”-da 1992-1999-nji ýyllar aralygynda wise-prezidentiň wezipesinde işlän diýip bellenýär. Mundan hem başga, ol az wagt Daniýanyň “Pandora” zergärçilik kompaniýasyna baştutanlyk edipdir.

Maglumatlara görä, şu ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitalizasiýasy 54%, 20,8 milliard ýewro çenli pese gaçdy.