Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Sammitiň işi tamamlanandan soňra oňa gatnaşan döwlet ýolbaşçylary Samarkant şäheriniň taryhy Registan meýdanynda agaç nahallaryny oturdylar.

Türki dünýäsiniň jebisliginiň has-da pugtalandyrylmagy üçin geçirilen agaç nahallaryny oturtmak çäresi şol bir wagtda Özbegistanyň 14 welaýatynda, şeýle hem Gazagystanyň Türküstan şäherinde, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Wengriýanyň paýtagtynda hem geçirildi.