7-18-nji noýabr aralygynda Müsüriň Şarm el-Şeýh şäherinde geçirilýän BMG-niň konferensiýasynda çykyş eden ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden global maýlama garşy göreşde, ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmakda we “ýaşyl” energiýa maýa goýmakda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýene-de öňdäki hatarda durýandygyny aýtdy.

Jozef Baýden öz ýurdunda ykdysadyýeti karbonsyzlaşdyrmak boýunça kabul edilen meýilnama barada durup geçip, mundan buýana islendik parlament köplügi bilen bilelikde howa meýilnamalaryny maliýeleşdirmek üçin tagalla etjekdigini belledi. Ol geçen tomusda öz administrasiýasynyň ABŞ-nyň jemi içerki önüminiň 1,5%-ini emele getirýän 370 milliard dollarlyk maýa goýum meýilnamasyny kabul edendigini ýaňzytdy.

Baýden çykyşynda özüniň Prezident wezipesinde ilkinji kararlarynyň biriniň ABŞ-nyň 2015-nji ýyldaky Pariž howa şertnamasynyň ýerine ýetirilmegine gaýdyp gelendigini ýatlap geçdi. Şol döwürde 195 döwlet Ýer togalagynda howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyny Selsiýa boýunça iki dereje töwereginde saklamak barada ylalaşyp, 55 ýurt resminamany tassyklady. Ýöne 2020-nji ýylda ABŞ resmi taýdan şertnamadan çykypdy.

-Milli senagatdan metanyň zyňyndylaryny azaltmak üçin 20 milliard dollardan gowrak maýa goýýarys. Bu, taşlanan guýulary aradan aýyrmaga, metanyň syzmagynyň öňüni almaga we nebit-gaz pudagynda ulanylýan enjamlary döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berer. Biziň maksadymyz, onýyllygyň ahyryna çenli – 2005-nji ýyldaky derejeden metanyň zyňyndylaryny 87% azaltmakdan ybarat – ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti Jozef Baýden belledi.

Ösüp barýan ýurtlara ýardam bermek COP27-iň ýene-de bir möhüm mowzugy boldy. Waşington 2009-njy ýyldaky Kopengagen şertnamasy boýunça beren wadalaryny doly berjaý edip ýetişmedi: şol döwürde COP15-de baý ýurtlar global ýylylygyň täsirine duçar bolýan sebitlere kömek etmek üçin ýylda 100 milliard dollar bermäge borçlandyrylypdy.

Jozef Baýden Ýewropa Bileleşigi hem-de Germaniýa bilen bilelikde Müsüriň energiýa geçişini goldamak maksady bilen 500 million dollar bölünip beriljekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Müsürde çykyş edeninden soň Kambojadaky ASEAN sammitine we Balidäki G20 sammitine gatnaşmakçy.