Ýaponiýanyň “Subaru” kompaniýasy 1972-1981-nji ýyllar aralygynda öndürilen “Rex” atly kiçi göwrümli ulagynyň has uly nusgasyny işläp taýýarlady. Soňky ýyllarda köp kompaniýa ozalky ýyllarda öndürilen ulaglaryny täzeçe görnüşde öndürip başlady. Ýapon kompaniýasy 1972-nji ýylda “Kei Car” ady bilen “Subaru Rex” modelini satuwa çykarypdy. Bu ulagyň motory yz tarapynda ýerleşýändigi bilen tapawutlanýardy. Ýaponiýa we Taiwan ýaly ýerlerde kiçi göwrümli ulaglara “Kei Car” diýilýär. Bu ulaglar köp ilatly şäherlerde ýol dyknyşygynda ulanmaga has amatly hasaplanýar.
Täze tanyşdyrylan “Rex” bolsa, SUV görnüşli bolup, beýleki SUV ulaglaryndan has kiçi. Adatça şäherde sürmäge niýetlenen uly göwrümli SUV ulaglarynyň uzynlygy 5 metre çenli bolýar. “Rex”-iň uzynlygy bolsa, 3,9 metre barabar.
1,2 litr göwrümli benzinli motory bolan ulagyň kuwwaty 87 at güýjüne barabar. Ulagyň agramy 1 tonna-da ýetmeýär.
Serdar Atabaýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby
PDF









