Ýük gatnawy üçin täze dron işläp taýýarlaýar

112

Dür­li ugur­lar­da iş alyp bar­ýan “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy ýük gat­naw­la­ry üçin ada­ty bol­ma­dyk gur­luş­ly dron nus­ga­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­dy. Bö­lek söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan kom­pa­ni­ýa soň­ky ýyl­lar­da müş­de­ri­le­riň sar­gyt eden ha­ryt­la­ry­ny sal­gy­la­ry­na el­tip ber­mek üçin uç­ýan ki­çi en­jam­la­ry ulan­ma­gy mak­sat edin­ýär. Mu­nuň üçin bir­nä­çe sy­nag ge­çi­ren kom­pa­ni­ýa “MK30” at­ly tä­ze dro­ny ta­nyş­dyr­dy.
Tä­ze dro­nyň beý­le­ki­ler­den 25 gö­te­rim ses­siz iş­le­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Dro­nyň ses­siz uç­ma­gy üçin onuň aý­lan­ýan per­le­ri baş­ga­ça di­zaýn edi­lip­dir. “Ama­zon” 2024-nji ýy­la çen­li bu dron­la­ry ula­nyp baş­lar.
Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa am­mar­lar­da ýük da­şa­mak üçin “Spar­row” at­ly ro­bo­ty hem iş­läp taý­ýar­la­dy. Bu ro­bot adam zäh­me­ti bi­len edil­ýän işi ep-es­li ýe­ňil­leş­di­rer.

Ys­lam­ber­di Tyl­la­nu­row, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my