Hytaýyň awtoulag senagatynyň maglumatlaryna görä, ýurtda oktýabr aýynda awtoulaglaryň sany geçen ýylyň degişli döwründäkiden 23,5 göterim ýokary bolupdyr. Geçen aý ýurtda 1,18 milliondan gowrak hytaý brendlerine degişli ulag satylypdyr. Bu görkeziji ýurtdaky satylan ähli awtoulaglaryň ýarysyna golaýyny emele getirýär. Şeýlelikde, 2022-nji ýylyň ilkinji on aýynda hytaý kompaniýalarynyň awtoulaglarynyň satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 26,1 göterim artyp, 9,35 milliona ýetipdir.
Bu döwürde satylan ýerli awtoulaglaryň paýy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 4,8 göterim artyp, ähli awtoulaglaryň 48,7 göterimini emele getiripdir.
Maglumatlar ýurtda hem awtoulag satuwyny, hem-de satylýan awtoulaglaryň arasynda ýerli brendleriň sanynyň artýandygyny görkezýär.
Arslan Muhammedow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









