Baý ýe­ras­ty gor­la­ry­na eýe bo­lan Mo­zam­bik Ýew­ro­pa su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz sa­typ baş­la­dy. Af­ri­ka­da, Hin­di um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da­ky ýur­duň ýol­baş­çy­sy Fi­li­pe Nýu­si köp ýyl­dan bä­ri te­bi­gy gaz çy­ka­ryl­ýan ýur­duň gaz eks­port edip baş­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Mo­zam­bi­giň Mil­li ne­bit ins­ti­tu­ty ge­çen aý su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň il­kin­ji bo­lup Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na ibe­ril­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di. Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň Mo­zam­bik­den nä­çe­räk gaz sa­tyn al­jak­dy­gy mä­lim edil­me­di.
Mo­zam­bi­giň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Ka­bu-Del­ga­du se­bi­tin­dä­ki Ro­wu­ma kä­nin­de ke­nar­dan uzak ýer­de 100 tril­li­on kub metr­lik te­bi­gy gaz go­ry ta­py­lyp­dy. Şeý­le­lik­de ýurt ga­zy go­ru­nyň möç­be­ri ba­bat­da Af­ri­ka­da Ni­ge­ri­ýa­dan we Al­žir­den soň­ra üçün­ji ýe­re çy­kyp­dy.