Aziýanyň 7 ýurdunda Gün energiýasyndan elektrik energiýasynyň öndürilmegi bilen ýylyň birinji ýarymynda 34 milliard dollarlyk gazylyp alynýan ýangyç çykdajysynyň öňi alyndy. Merkezi edarasy Londonda ýerleşýän “Ember” maslahat beriş kompaniýasy, Energiýa we arassa howa barlag merkezi (REA), Energiýa ykdysadyýeti we maliýe seljerme instituty tarapyndan Hytaý, Hindistan, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Wýetnam, Filippinler we Tailand döwletleri barada “Aziýanyň güneşli bölegi” atly maglumatnama taýýarlandy. Maglumatda dünýäniň iň köp energiýa sarp edýän ýurdy bolan Hytaý Halk Respublikasynda elektrik energiýasynyň 5 göteriminiň Günden alnandygy mälim edildi. Şeýlelikde, bu ýurt 21 milliard dollar tygşytlapdyr.

Ýaponiýada bu görkeziji 5,6 milliard dollar, Hindistanda 4,2 milliard dollar, Wýetnamda 1,7 milliard dollar, Günorta Koreýada 1,5 milliard dollar hem-de Tailand we Filippinler bilelikde hasaplananda 287 million dollar tygşytlapdyr.

Maglumatnamada dünýä boýunça Gün energiýasynyň soňky 12 ýyldaky ösüşine hem seljerme berlipdir. Bu maglumata görä, Gün energiýasy babatda öňdäki 10 ýurduň bäşisiniň (Hytaý, Ýaponiýa, Hindistan, Günorta Koreýa we Wýetnam) Aziýa ýurtlarydygy bellenilýär.

Gülnur Hümmiýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby