Hy­ta­ýyň adam­ly kos­mos agent­li­gi (CMSA) 13-nji no­ýabr­da uçu­ry­lan “Shenz­hou-14” at­ly kos­mos gä­mi­sin­dä­ki eki­pa­žyň “Tianz­hou-5” kos­mos gä­mi­si­ne gi­ren­di­gi­ni mä­lim et­di. Hy­taý­ly kos­mo­nawt­lar “Tianz­hou-5“-iň ga­py­sy­ny Pe­kin wag­ty bi­len 14:18-de açyp, de­giş­li iş­ler ge­çi­ri­len­den soň­ra 15:03-de gi­rip­dir­ler.
“Shenz­hou-14” kos­mos gä­mi­si­niň eki­pa­žy bu ýer­de ýük dü­şür­mek iş­le­ri­ni we beý­le­ki iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rer­ler. “Tianz­hou-5” at­ly kos­mos ýük gä­mi­si gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýän kos­mos be­ke­di­ni ge­rek­li teh­ni­ki en­jam­lar bi­len üp­jün et­mek mak­sa­dy ge­çen hep­dä­niň şen­be gü­ni Pe­kin wag­ty bi­len 10:03-de uçu­ry­lyp­dy. Ýük sak­la­mak üçin peý­da­la­nyl­jak kos­mos gä­mi­si iki sa­gat çe­me­si wagt­dan soň­ra “Ti­an­he” at­ly kos­mos be­ke­di­niň esa­sy bö­le­gi­ne bi­ri­gip­di.
Ýurt beý­le­ki döw­let­ler­den aý­ra­tyn­lyk­da öz­baş­dak kos­mos be­ke­di­ni gur­ýar. Iki la­bo­ra­to­ri­ýa­dan, kos­mo­nawt­la­ryň bol­ma­gy üçin esa­sy bö­lek­den we aý­ry­lyp bil­ýän bir te­les­kop­dan yba­rat bo­lan kos­mos be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy­nyň şu ýyl ta­mam­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.