Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry bi­len hal­ky­my­zyň ga­dy­my mil­li dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň giň­den öw­re­nil­ýän hä­zir­ki döw­rün­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýö­re­den mil­li wagt ha­sap­la­ry­ny we se­ne­na­ma­la­ry­ny öw­ren­mek hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Wag­ty ha­sa­ba al­mak türk­men dur­mu­şyn­da örän ga­dy­my dö­wür­ler­de baş­la­nyp­dyr. Ir­ki dö­wür­ler­de Türk­me­nis­ta­nyň Mar­guş, Dam­dam­çeş­me, Je­bel, Uz­boý, Was, Pes­se­jik­de­pe, Jeý­tun, Gök­süý­ri, Ar­tyk, Al­tyn­de­pe, Na­maz­ga­de­pe, Änew ýa­ly on­lar­ça ýer­le­rin­de mal­dar­çy­lyk hem-de eke­ran­çy­lyk giň­den ýaý­rap, on­da ho­ja­lyk iş­le­ri­ni alyp bar­mak, esa­san, ýyl­dyz­la­ryň we Gü­nüň he­re­ket ediş ugur­la­ry­na ga­rap ge­çi­ri­lip­dir. Bu me­se­le­de çar­wa­lar we daý­han­lar wag­ty kes­git­le­mek­de Aý, Gün, ýyl­dyz­lar bi­len bir ha­tar­da, jan­ly-jan­dar­la­ryň he­re­ket­le­rin­den hem-de ösüm­lik­le­riň ösü­şin­den ugur alyp­dyr­lar.
Wag­tyň aň­la­dy­ly­şy gi­je-gün­di­ziň aý­la­nyş he­re­ke­ti bo­ýun­ça daň­dan, sa­ba, sä­her çagy, er­tir, ki­çi guş­luk, uly guş­luk, gü­nor­tan, çäş wag­ty, öý­län sal­kyn, ir öý­län, ak öý­län, öý­le guş­luk, ikin­di, il­kag­şam, gi­jag­şam, ýas­sy, ýa­ry­gi­je ýa­ly ara­lyk­la­ra bö­lü­nip­dir. Mun­dan baş­ga-da halk di­lin­de “daň saz be­ren­de”, “Gün naý­za bo­ýy ga­lan­da”, “iň­rik ga­ra­lan­da”, “Gün ýa­rym­dan agan­da”, “Gün öý­lä sa­nan­da” ýa­ly wagt aň­lat­ma­la­ry ula­ny­lyp­dyr.
Gi­je we gün­diz­le­ri­ne wag­ty böl­me­giň dür­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lup­dyr. My­sal üçin, gi­je­le­ri­ne wag­ty bö­lüş­dir­mek ýyl­dyz­la­ryň, kä­te pla­ne­ta­la­ryň dog­ýan, ýaş­ýan wagt­la­ry­na, Aýyň ula­lyp, ki­çe­lip üýt­ge­ýän dö­wür­le­ri­ne ga­rap ge­çi­ri­lip­dir. Şu ýer­de be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň “Çow­dur han” goş­gu­syn­da­ky ýyl­dyz ady ýat­lan­ýan aşak­da­ky se­tir­le­ri ýat­lap geç­mek is­le­ýä­rin:

Dag­lar ba­şyn eg­di, du­man bü­ren­di,
El­ler ga­la­bil­män, ýer­de süý­ren­di,
Aý-gün ba­typ, gök­de Myr­ryh gö­rün­di,
Bu­lut­lar bol­du­lar ba­ran, Çow­dur han.
Gün­diz­ki wagt ara­lyk­la­ry kö­le­gä­niň ug­ry bo­ýun­ça wag­ty aň­lad­ýan Gün sa­gat­la­ry esa­syn­da kes­git­le­nip­dir. Ir­ki dö­wür­ler­de halk di­lin­de “gum­sa­gat” ady­na eýe bo­lan wagt öl­çeý­ji se­riş­de ula­ny­lyp­dyr. Şeý­le hem çar­wa­dyr daý­han­lar bir ta­kyr ýa-da çä­ge­söw­räk ýe­re çy­zyk çy­zyp, onuň or­ta­ra­syn­da ýyl­gyn ýa­ly berk aga­jyň çy­by­gy­ny di­kip, Gü­nüň aý­la­nyş he­re­ke­ti esa­syn­da çy­by­gyň kö­le­ge­si­niň üýt­geý­şi bi­len wag­ty kes­git­läp­dir­ler. Mun­dan baş­ga-da ata-ba­ba­la­ry­myz öý­le­ri­niň tüý­nü­gin­den düş­ýän kö­le­ge bo­ýun­ça wag­tyň nä­çe bo­lan­dy­gy­ny anyk aý­dyp bi­lip­dir­ler.
Se­ne­na­ma­lar hem bi­ziň hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup­dyr. Se­ne­na­ma yl­my ma­ny­da ala­nyň­da wagty ha­sap­la­ma­gyň kes­git­li ul­ga­my bo­lup, as­man ji­sim­le­ri­niň ýag­da­ýyn­dan ugur al­ýar. Mu­ňa baş­ga­ça ka­len­dar di­ýil­ýär. Dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da gri­gor­ýan – mi­la­dy, hij­ri-ka­ma­ry hem-de şem­si se­ne­na­ma­sy ula­nyl­ýar.
Ýe­ri ge­len­de, hij­ri-ka­ma­ry ha­sa­byn­da­ky aý­la­ry hem ýat­lap ge­çe­liň: olar Aşyr aýy, Sa­par aýy, Dört tir­ke­şik­le­riň bi­rin­ji aýy, Dört tir­ke­şik­le­riň ikin­ji aýy, Dört tir­ke­şik­le­riň üçün­ji aýy, Dört tir­ke­şik­le­riň dör­dün­ji aýy, Re­jep aýy, Me­ret aýy, Ora­za aýy, Baý­ram aýy, Boş aý, Gur­ban aýy.
Türk­men dur­mu­şyn­da ada­myň ýa­şy ýyl öwür­mek­lik, ýag­ny mü­çe ýyl­la­ry bo­ýun­ça ha­sap­la­nyp­dyr. Ýyl at­la­ry­ny bil­mek üçin şy­gyr ga­ly­by­na sal­nan:

Ýyl ba­şy – sy­çan, sy­gyr, bars, tow­şan, luw ýy­lan,
Ýyl­ky, koý, bi­jin, ta­kyk, it, do­ňuz – bol­dy ta­mam

– di­ýen se­tir­le­ri­ne na­zar sal­mak ýe­ter­lik­dir. Bi­rin­ji mü­çä 12 ýaş, ikin­ji mü­çä 24 ýaş, üçün­ji mü­çä 36 ýaş, soň­ky mü­çe­le­re 48, 60, 72, 84, 96 ýaş be­ril­ýär. Mü­çe­le­riň ara­sy 12 ýyl­dan yba­rat­dyr. Mü­çe ýyl ha­sa­by bi­len bag­la­ny­şyk­ly mag­lu­ma­ty Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­den hem tap­mak bol­ýar. Be­ýik akyl­dar “Ata­myň’ at­ly goş­gu­syn­da:

Alt­myş ýaş­da now­ruz gü­ni, luw ýy­ly,
Tur­dy ajal, ýo­lun tus­dy ata­myň.
Bu dün­ýä­niň işi beý­le­miş, be­li!
Öm­rü­niň ta­na­pyn kes­di ata­myň.

Be­ýik akyl­dar pe­de­ri­niň ara­dan çy­kan wag­ty­nyň luw ýy­ly­dy­gy­ny ha­bar ber­ýär. Ol mi­la­dy se­ne­na­ma­sy bo­ýun­ça 1760-njy ýy­lyň Now­ruz aýy­nyň 22-si­ne dog­ry gel­ýär.
Sö­zü­mi­zi jem­läp aý­da­ny­myz­da, mer­da­na hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da giň­den ula­ny­lan älem gi­ňiş­li­gi, Gün, Aý, pla­ne­ta­lar, ýyl­dyz­lar we ola­ryň he­re­ke­ti, wagt, aý-gün ha­sa­by, mil­li se­ne­na­ma­la­ry­myz, hep­de­na­ma­la­ry­myz, mü­çe­na­ma­la­ry­myz, ýyl öwür­mek ýa­ly dur­muş bi­len bag­la­ny­şyk­ly mag­lu­mat­la­ry bil­mek her bi­ri­miz üçin parz­dyr.

Tä­ze­gül SA­PA­RO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.