Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly, öňdengörüjilikli içeri hem-de daşary syýasaty netijesinde, merdana halkymyz agzybir, asuda, abadan durmuşda ýaşaýar. Ynha, berkarar döwletimiziň erkanalygyny, halkymyzyň goňşulary, dünýä halklary bilen dost-dogan bolup, ýaşaýandygyny jahana jar edýän baky juwan Nowruzymyz hem ýetip geldi. Diýarymyzda bu ajaýyp baýram gadymy döwürlerden bäri täzelenişiň baýramy hökmünde uly dabara bilen bellenilýär.
2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde bolsa, 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny “Halkara Nowruz güni” diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. 2016-njy ýylyň dekabrynda bolsa, BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNEKO) türkmen tarapyna Nowruz baýramynyň adamzadyň maddy däl medeni mirasyna goşulandygy baradaky şahadatnamany ugratdy.
Nowruz baýramynyň bellenilmegi, esasan, tebigat bilen baglanyşyklydyr. Nowruz pars dilinden sözme-söz terjime edilende “täze gün” diýmekligi aňladýar. Milletiň ruhuna siňýän mukaddeslikleriň bakylyga öwrülişi ýaly, Nowruz hem dürli halklaryň durmuşynda ymykly orun tutupdyr. Şoňa görä-de, taryhy döwürlerden bäri Nowruz baýramy täzelenişiň, täze günüň buşlukçysy hökmünde gaýtadan dikeldilen milli baýramlarymyzyň birine öwrüldi.
Nowruz baýramynyň esasynda Aý, Günüň hereketi, ýylyň, pasyllaryň, aýlaryň kanunalaýyk çalyşmasy, gije-gündiziň deňleşmesi ýatandyr. Her ýylyň mart aýynyň 21-ine gije-gündiziň deňleşýändigini ata-babalarymyz iň gadymy döwürlerde anyklapdyrlar. Orta asyrlarda bu astronomik hadysa Gündogaryň belli akyldarlary Abu Reýhan al-Biruny, Abul Kasym Ferdöwsi, Omar Haýýam we beýlekiler tarapyndan tassyklanypdyr. Türki halklaryň ruhy-medeni mirasynyň baýramçylygynyň diňe ýer bilen däl-de, ýyldyzlar bilenem baglanyşygy barada Omar Haýýam “Nowruznama” eserinde: “Nowruzyň döremegine sebäp bolan ýagdaý mälim bolşy ýaly, Gün öz okunyň daşyndan iki aýlaw edýär. Ýagny olaryň birinde Gün her 365 günden we 6 sagatdan, takyk minutma-minut özüniň ozal terk edip, çykyp giden Guzy ýyldyzlar toplumynyň giňişligine dolanyp gelýär” diýip ýazýar. Şeýle hem ata-babalarymyzyň durmuşy däp-dessury barada maglumat berilýän bu eserde, Nowruzda gögerýän sünbüller hakynda: “Eger sünbül dik we endigan össe, şol ýylyň hasylly boljakdygynyň alamaty, eger sünbül gyşarsa we endigan ösmese, ýylyň hasyllylygynyň pes boljakdygynyň alamaty” diýilýär. Ata-babalarymyz baýramçylyk günlerindäki howa ýagdaýyna seredip, şol ýyl hasyllylygyň nähili boljakdygyny anyklamagy-da başarypdyrlar. Gadymdan gelýän düşünjä görä, Nowruzda “Gyşyň togsany dolup, ýazyň bossany gelýär” diýip, hasap edilýär. Nowruz baradaky asyrlarboýy dowam edip gelýän yrym-ynançlaryň, däp-dessurlaryň alymlar tarapyndan aýdylýan ylmy maglumatlaryň ählisi hem adamzadyň tebigata bolan ýakynlygyny alamatlandyrýar.
Merdana halkymyz Nowruz baýramyny gadymdan gelýän ajaýyp däp-dessurlary ýerine ýetirip, şatlyk-şowhunly garşylaýar. Nowruzda gadymdan bäri adata öwrülen däpleriň birem semeni bişirmekdir, ol Äşe-Patmanyň aşy hasap edilipdir. Semenini il arasynda abraýdan peýdalanýan aýal-gyzlar taýýarlapdyrlar. Olar bugdaýyň dänesini 7 günläp, Günüň aşagynda saklap şineledýärler, soňra ony ýenjip, erginiň üstüne un goşup, tä goýy toşap bolýança gaýnadýarlar. Taýýar bolan semenini entek hiç kim datmanka, gazanyň gulaklaryna duz sepip, gapagyny hem çalaja açyp, bir gije goýarlar. Ertesi gazanyň gapagyny ilki kim açsa, şol adamyň hem semeniniň ýüzünde Muhammet pygamberiň gyzy Äşe-Patmanyň bäş barmagynyň yzyny görýänligi hakdaky pikir halk arasyna ýaýrapdyr. Taýýar bolan semeni goňşy-golamlara paýlanylýar. Görşümiz ýaly, her Nowruzda üýşüp semeni bişirmegiň, ony uly il bolup, paýlaşmagyň baş maksady Täze ýylda bol hasyly, ýurt abadançylygyny, agzybirligi arzuwlamak eken.
Milli Liderimiziň ýakyndan alada etmegi bilen soňky ýyllarda mähriban Diýarymyzda uly şagalaň-şowhun bilen geçirilýän Halkara Nowruz baýramy täze many-mazmuna eýe boldy. Pasly-baharyň joşa gelen günlerinde Nowruz baýramynyň Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň günortasyndaky göm-gök baýyrlykda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden, goňşy döwletlerden gelen ençeme aýdym-saz ansambllarynyň, tansçylar toparlarynyň, bedew atlara atlanan jigitleriň, ak maýaly kejebäniň ýany bilen gelýän şadyýan gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilmegi bu uly dabaranyň il agzybirliginiň, doganlyk-dostlugyň has-da pugtalanmagynyň çäresine öwrülmegine getirdi.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, bu ýaýlada her ýyl geçirilýän bu ajaýyp çärä gatnaşyjylar üçin ýüzlerçe tomaşaçy ýerleşýän ajaýyp türkmen öýüniň gurulýandygy bagtyýar raýatlarymyzda uly buýsanç döredýär. Diýmek, bu şadyýan baýramyň gelejekki ýyllarda-da doganlyk-dostlugyň, syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklaryň barha pugtalanmagyna hyzmat etjekdigine arkaýyn bil baglap bileris.
Goý, bu gadymy baýramçylygyň bütin dünýäde meşhur bolmagyny gazanan, milli ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmäge we täze röwüşde ösdürmäge giň mümkinçilikleri döreden Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli belent tutumly işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin!
Abat Berdiýewa,
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk
institutynyň mugallymy.