Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ruhy gymmatlyklarymyzyň howandary hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gözbaşyny uzak geçmişden alyp gaýdýan nusgawy edebiýatymyz gaýtadan öwrenilýär. Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan nusgawy edebiýatymyzyň köpöwüşginliligi, onuň tema jähetden geriminiň giňligi we çuň mazmuna eýeligi bu ugurda täze ylmy agtaryşlary alyp barmaga ýardam edýär.
Köpasyrlyk taryhy bolan Nowruz baýramy gadymy golýazma eserleri bilen bir hatarda, nusgawy edebiýatymyzyň sahypalarynda aýdyň beýanyny tapypdyr. Magtymguly Pyragy, Mollanepes, Abdylla Şabende, Şeýdaýy ýaly beýik söz ussatlary ýyl paslynyň içinde dürli öwüşginli Nowruzyň häsiýetli aýratynlyklaryny öz eserlerinde suratkeşlik bilen beýan edipdirler.
Ynsan ähliniň ruhy dünýäsine nur saçýan tebigat öwüşginleri, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde aýratyn orny eýeleýär. Muňa şahyryň “Jahan peýda”, “Il geçer”, “Jan sesin aňsa”, “Kaýda sen”, “Nowruzdan seni”, “Jan içinde” ýaly onlarça şygyrlary aýdyň mysaldyr. Beýik akyldaryň bu şygyrlarynyň islendigini alsaň-da, onda tebigat gözelligi, beýik söýgi, Nowruzyň ynsanyň durmuşyna edýän täsiri sünnäli setirlerinde beýan edilýär.
Söz äleminiň uly ussadynyň “Jahan peýda” atly şygry älem-jahanyň, daglaryň-düzleriň, guş-gumrularyň keşbine ýaraşygy bagyş edýän nowruz hakyndaky ajaýyp bir şygyr çemenidir.
Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler awaz urup, dag kylar duman peýda,
Bijanlar jana girip, ederler dahan peýda,
Görmedigiň giýalar, gögerip rowan peýda,
Ederler haýwanatga hem sudy-zyýan peýda,
Ýer ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,
Wabeste dahan guşlar, kylarlar zyban peýda.
Nowruzyň gelmegi bilen tebigata jan girýär, oýmur-oýmur bulutlaryň ak nuruny sepelemegi bilen baýyrlar ýaşyl dona bürenýär.
Ýedi ýer bolmuş bina,
Her zat okyr bir sena,
Otlar hem diýr: “rebbena!”
Nowruz-baran içinde.
Nowruz – köňülleri joşduryp, arzuwly göwünleri wysala ýetirýän güýje eýe. Muny şahyryň “Nowruzdan seni” atly şygrynyň aşakdaky setirlerinde hem görmek bolýar.
Bolmady bizge nesibiň, istedim güýzden seni,
Diýdiň: ötsün gyş, tapar men täze nowruzdan seni.
Saýladym, seçdim, sonam, bir bölejik gyzdan seni,
Neçün biliň guçmadym, bildim tapyp uzdan seni,
Isterem hakdan, gowuşgyrgaý maňa tizden seni.
Tereň duýgulary bilen zeminde göýä, berekediň desterhany bolup, ýazylýan Nowruz 1700-1780-njy ýyllar aralygynda gadymy Was topragynda ýaşap geçen Abdylla Şabendäniň döredijiliginde hem aýdyň şöhlelenipdir. Şahyr “Eýledi” atly şygrynda Nowruzy ussatlyk bilen şygyr galybyna salypdyr:
Geldi nowruz bilbili, seýri-gülüstan eýledi,
Ýaýdy gülnüň waspyny älemde dessan eýledi,
Görkezip ýaryň jemalyn mesti-haýran eýledi,
Sahy bir meý sundy, köňlüm däli-messan eýledi.
Maňgyşlakda ýaşan XVIII asyr türkmen edebiýatynyň ussatlarynyň biri Şeýdaýy jümleýi-jahany gülzarlyga öwürýän Nowruzyň ynsanyň köňül köşgünde iň tämiz duýgulary oýarýandygyny “Bu gün” atly goşgusynda şeýle beýan edipdir:
Geldi nowruz näz-kereşme birle sap gülgüzar,
Reňbe-reň, agy-gyzyl geýmiş tamamy zemigär,
Çyn alarnyň husnudan boldy bu ýer-gor lälezar,
Kylmyşam bihet günä mest olup biygtyýar,
Aýyp kylmaň, dostlar yşk ähli mestandyr bu gün.
Hawa, älem-jahany gülzarlyga öwürýän nowruzyň Hakyň nazar salan sahawatly türkmen topragyna gelşi juda üýtgeşik. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eçilen eşretli günlerinde ýaşaýan ilimiz ony ruhubelentlik bilen garşylaýar. Nowruzyň gelmegi bilen ulus türkmen ili toý tutýar. Ýaýlymly-ýaýrawly toýda duz-tagam bişirilip, türkmen däp-dessurlary ýaýbaňlanýar. Agzybir türkmen ili şygryýetiň owazy, aýdym-sazyň owazy bilen gurşalýar. Munuň özi merdana halkymyza Arkadag Prezidentimiziň bagyş eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eçilen peşgeşidir.
Tylla ÖWEZOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky
Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri.