“Samsung” kompaniýasy geljek ýyl smartfon önümçiligini azaltmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylara mobil enjamlara bolan islegiň azalmagynyň dowam etjekdigini çaklaýarlar. Koreý brendi 30 million az telefon öndürer. “Samsung” köp ýyldan bäri dünýäniň iň köp telefon öndürýän kompaniýasy hasaplanýar. “Taiwan Economic Daily” neşiriniň habaryna görä, önümçiligiň mukdary 13 göterim azaldylar. Ilkinji nobatda, has köp satylýan orta we pes derejedäki A we M seriýasyna degişli modelleriň önümçiligi azaldylar.
“Canalys” şereketiniň maglumatyna görä, häzirki wagtda “Samsung” dünýädäki telefon bazarynyň bäşden birinden gowragyny – 22 göterimini eýeleýär.
Selimmyrat Berdiýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby