Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, türkiýeli işewürler bolsa nebit koksuny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 265 müň dollaryna barabar boldy.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri bahasy 7 million 580 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 4 million 123 müň manada barabar bolan plastik poddonlary satyn aldylar.