Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller aýratyn alada bilen gurşalýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin bilim ulgamynyň işgärleri önjeýli zähmet çekýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy has-da kämilleşdirildi. Aýratyn-da, bu babatda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, şeýle-de «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim ulgamynda hem sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär, täze hünärler girizilýär, hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýetine aýratyn üns berilýär, döwrebap okuw meýilnamalary işlenip taýýarlanylýar. Döwletimizde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, şeýle hem okatmagyň hiliniň dünýä derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.
Sanly bilimi ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bilim bermegiň dünýä ülňülerine laýyklygyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ulgamda halkara gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar. Halkara guramalar, ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Mugallymçylyk ugurly dört sany ýokary okuw mekdebinde – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hünär ýokarlandyryş fakultetleriniň açylmagy, Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň ýanynda döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň döredilmegi ulgamyň işiniň döwrüň talaplaryndan ugur alnyp özgerdilýändiginden aýdyň mysaldyr.
Sanly bilimi ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hem bilim ojaklarynyň ýokary tizlikli internet tory bilen üpjün edilmegi bolup durýar. Bilim ojaklarynda zähmet çekýän professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň halkara maslahatlara, okuw-amaly sapaklara, dürli bäsleşiklere internet tory arkaly gatnaşmaga mümkinçilikleri bar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşymyzyň ähli ugurlary, şonuň bilen birlikde, milli ylym-bilim ulgamy hem ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bilim özgertmeleri täzeçe çemeleşmelerdir başlangyçlar bilen üstünlikli dowam etdirilýär.
Züleýha ALLABERDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.