Indoneziýanyň häkimiýetleri 46 ýurtdan daşary ýurtly syýahatçylar üçin elektron wiza bermek resmileşdirmek boýunça onlaýn hyzmaty ýola goýdy.
“Indoneziýanyň Kada-kanunlar ministrligi ýurda gelýän daşary ýurtly jahankeşdeler üçin immigrasiýa hyzmatlaryny ýönekeýleşdirmek maksady bilen molina.imigrasi.go.id saýtynda e-VoA wizasyny almak üçin resmi taýdan elektron hyzmaty işe girizdi. Şeýle hem, täzelenen ulgamyň kömegi bilen syýahatçylar indi wiza tölegleri üçin nobata durmaly bolmazlar” diýip, neşir ýazýar.
Täze hyzmat Awstraliýa, Awstriýa, Argentina, Braziliýa, Belgiýa, Kanada, Hytaý, Çehiýa, Daniýa, Müsür, Finlýandiýa, Fransiýa, Germaniýa, Gresiýa, Wengriýa, Hindistan, Irlandiýa, Italiýa, Ýaponiýa, Litwa, Malaýziýa, Meksika, Marokko, Norwegiýa, Portugaliýa, Russiýa, Türkiýe ýaly 46 döwletden pasport eýeleri üçin elýeterlidir.
Indoneziýanyň häkimiýetleriniň pikiriçe, hyzmatyň ýola goýulmagy ýurduň ykdysadyýetini ilerletmek üçin içerki syýahatçylygyň ösmegine itergi berer.
“Wiza almak üçin daşary ýurtly raýatlar saýtda hasap döredip, wiza almak üçin arzasyny bellige aldyrmaly. Mundan başga-da, olar “Visa”, “Mastercard” ýa-da JCB logotipli kredit ýa-da debet karty bilen onlaýn görnüşde töläp bilerler. Töleg geçirilenden soň, e-VoA üçin maglumatlar barlanar. Arza tassyklanan bolsa, elektron wiza arza bereniň akkauntynda peýda bolar – diýip, Antara ýazýar.
Mundan başga-da, arza beriji smartfonyna tassyklanan wizany ýükläp alyp, ony Indoneziýa gelende barlag-geçiriş nokadynda görkezip biler.