Türkiýäniň Ankara şäherinde meşhur türk agyr atletikaçysy Naim Süleýmanoglunyň ýadygärligine bagyşlanan halkara ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa Albaniýa Azerbaýjan, Belgiýa, Daniýa, Germaniýa, Fransiýa, Eýran, Ispaniýa, Kosowa, Özbegistan, Sloweniýa, Bosniýa we Gersegowina, Niderlandlar, Saud Arabystany ýurtlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň hem türgenleri gatnaşdylar.

Ýaryşda türkmen türgenleri bäş sany kümüş medala we bürünç medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Has takygy, zenanlaryň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde bileginiň güýjüni synan Ogulgerek Amanowa ştangany silterläp götermekde 70 kilogram, itekläp götermekde 85 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 155 kilogram netije bilen üç sany kümüş medal gazandy.

Erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda 67 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Hydyrberdi Ýagmyrow itekläp götermekde 149 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 274 kilogram agyrlygy galdyrmagyň hötdesinden gelip, iki sany bürünç medala mynasyp boldy.

109 kilogramdan ýokary agram derejesinde bäsleşige gatnaşan Atajan Daýyýew hem bäsdeşlerinden tapawutlanmagy başardy. Ol silterläp götermekde 156 kilogram agyrlykdaky ştangany galdyryp, kiçi kümüş medalyny gazandy. Şeýle-de itekläp götermekde 190 kilogramy göteren Atajan Daýyýew kiçi bürünç medala, iki görnüşiň jemi boýunça bolsa 346 kilogram netije bilen kümüş medala mynasyp boldy.