Russiýanyň Perm sebitinden ilkinji 3600 sany Täze ýyl arçasy Türkmenistana iberildi. Bu barada “Rosselhoznadzor” federal gullugynyň web sahypasy habar berýär.

Önümler “Rosselhoznadzora” federal gullugyna garamagyndaky “Ösümlikleriň karantini boýunça Bütinrussiýa merkezi” institutynyň Perm bölüminde laboratoriýa gözegçiligini geçdi.

Umuman, noýabr aýynyň başyndan bäri 20 müňden gowrak arça gözden geçirmek üçin tabşyryldy. Täze ýyl arçalary karantiniň düzgünlerine we kadalaryna laýyk gelýändigi kesgitlendi.

Täze ýyl arçalarynyň indiki tapgyry ýakyn wagtda Perm sebitinden Türkmenistana we Russiýa Federasiýasynyň sebitlerine: Tula, Týumen, Orenburg sebitlerine hem-de Krasnodar we Stawropol ülkelerine ugradylar.