27 ýyllyk şertnama gol çekildi

62

Ka­ta­ryň “Qatar Ener­gy” hem-de Hy­ta­ýyň “Si­no­pec” kom­pa­ni­ýa­la­ryň ara­syn­da 27 ýyl­lyk şert­na­ma gol çe­kil­di. Su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz bi­len üp­jün et­me­gi öz içi­ne al­ýan uzak­möh­let­le­ýin yla­la­şy­gyň çäk­le­rin­de her ýyl­da 4 mil­li­on ton­na su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz sa­ty­lar. Bi­ler­men­ler bu yla­la­şy­gyň ener­gi­ýa pu­da­gyn­da­ky iň uzak möh­let­li şert­na­ma­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Ka­tar dün­ýä­niň iň köp su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz eks­port ed­ýän ýurt­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ýurt 2009-njy ýyl­dan bä­ri Hy­ta­ýa su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz eks­port ed­ýär. Hy­ta­ýyň “Si­no­pec” kom­pa­ni­ýa­sy ne­bit­hi­mi­ýa pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýar.

Ta­wus Ýag­şy­ýe­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by