Golaýda Mongoliýanyň Hentiý sebitinde her ýylda guralýan atlar festiwaly geçirildi. Bu çäre at münmek medeniýetini geljekki nesillere geçirmek, mongol çapyksuwarlarynyň we atlarynyň batyrlygyny, çeýeligini, güýjüni we tizligini barlamak we gyş syýahatçylygynyň ösmegine itergi bermek maksady bilen döredildi.

Bu gezekki çärä ýurduň ähli künjeginden 200-den gowrak çapyksuwar we 1000 töweregi at gatnaşdy. Mongoliýanyň Medeniýet ministrligi we Hentiý sebitiniň administrasiýasy tarapyndan gurnalan festiwalyň çäginde at çapyşyk ýaryşlary we atlar bilen baglanyşykly sergi geçirildi.

Mongoliýa dünýäde saklanyp galan iň soňky çarwa medeniýetleriniň biri bolup, atlaryň sany boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girýär. Milli statistika komitetiniň habaryna görä, 2021-nji ýylyň ahyryna çenli Mongoliýada 67,3 million mal mal bolup, olaryň 6,4 göterimi atlardy.